Astana şäherinde halkara agro-senagat sergisi KazAgroFarm 2026 geçiriler


21–23-nji oktýabr aralygynda Gazagystanyň Astana şäherindäki Halkara EXPO sergi merkezinde KazAgroFarm 2026 halkara agro-senagat sergisi geçiriler. Merkezi Aziýanyň iň iri pudaklaýyn forumlarynyň biri bolan bu çäre dünýäniň 25 ýurdundan 300-den gowrak öňdebaryjy kompaniýany we agro-biznesiň 10 müňden gowrak hünärmenini bir ýere jemlär.
Gazagystanyň agro-senagat toplumynyň giň gerimde döwrebaplaşdyrylmagy öňdebaryjy enjamlara, sanlylaşdyrma we maýa goýumlaryna bolan ýokary islegi emele getirýär. Şunuň bilen baglylykda, KazAgroFarm göni şertnamalary baglaşmak, tejribe alyşmak we dünýä brendleriniň sebit bazarlaryna çykmagyna mümkinçilik berýän esasy B2B meýdança hökmünde çykyş edýär.
Giň gerimli serginiň esasy ugurlary şulardan ybarat bolar:
• Oba hojalyk tehnikasy we innowasiýalar: häzirki zaman traktorlary, kombaýnlar, takyk ekerançylyk ulgamlary we emeli aň esasynda işleýän çözgütler;
• Maldarçylyk we ekerançylyk: fermalar üçin tehnologik enjamlar, genetika, seleksiýa, ýokary hilli tohumlar we dökünler;
• Serişdeleri tygşytlamak: adaty we damjalaýyn suwaryş üçin suw tygşytlaýjy ulgamlar, şeýle hem howa şertlerini sazlaýjy enjamlar;
• Gaýtadan işlemek we logistika: däne saklamak, önümleri sowatmak, gaplamak we daşamak üçin toplumlar.
Sergä däp bolşy ýaly, pudagyň dünýä liderleri, şol sanda DeLaval, Westfalia, Rostselmaş, Mzuri, Bohnenkamp we Agrimatco kompaniýalary gatnaşar. Sergä gatnaşyjylaryň geografiýasy Gazagystany, Germaniýany, Niderlandlary, ABŞ-ny, Hytaýy, Fransiýany, Türkiýäni we GDA ýurtlaryny öz içine alar.
Şol bir wagtyň özünde baý işewürlik maksatnamasy hem geçiriler. Onuň çäklerinde B2B we B2G duşuşyklary, plenar mejlisler hem-de maýa goýum taslamalarynyň tanyşdyrylyşlary guralar. Bilermenler, maýadarlar we döwlet edaralarynyň wekilleri azyk howpsuzlygy, sanly özgertmeler we agro-senagat toplumynyň eksport mümkinçiliklerini ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.
KazAgroFarm 2026 sergisi Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň telekeçileri üçin halkara oba hojalyk dialogynyň möhüm merkezine öwrüler.
ORIENT







