Türkmenistanda 1–4-nji sentýabrda ýagyş ýagmagyna we howanyň temperaturasynyň peselmegine garaşylýar


Türkmenistanda 1–4-nji sentýabr aralygynda käbir ýerlerde ýagyş ýagmagyna, käbir ýerlerde ýyldyrym çakmagyna garaşylýar. Ýagynlar Hazar deňziniň günorta we merkezi böleklerinden çygly howa massalarynyň aralaşmagy bilen bagly bolar. Balkan welaýatynda 1-nji sentýabrda käbir ýerlerde şemally howa göz öňünde tutulýar.
1-nji sentýabr, sişenbe güni, Balkan, Ahal we Daşoguz welaýatlarynyň käbir ýerlerinde ýagyş ýagmagy we ýyldyrym çakmagy mümkin. Balkan welaýatynda şemalyň tizligi käbir ýerlerde sekuntda 13–18 metre ýeter.
Daşoguz welaýatynda, Balkan we Lebap welaýatlarynyň demirgazyk böleklerinde säher bilen howanyň temperaturasy +15…+20°, beýleki sebitlerde bolsa +21…+26° bolar. Gündiz Daşoguz welaýatynda +23…+28°, Balkan welaýatynda +23…+28°, käbir ýerlerde bolsa +27…+32° bolar. Ahal we Lebap welaýatlarynda howa +31…+36° çenli gyzar, Mary welaýatynda bolsa +32…+37° bolar.
2-nji sentýabr, çarşenbe güni, has salkyn howa massalarynyň aralaşmagy dowam eder. Balkan we Ahal welaýatlarynyň käbir ýerlerinde ýagşyň ýagmagyna we ýyldyrymyň çakmagyna garaşylýar. Şeýle hem Daşoguz welaýatynda we Lebap welaýatynyň demirgazygynda ýerli häsiýetli az-kem ýagyş ýagmagy mümkin.
Gije Daşoguz welaýatynda, Lebap, Ahal we Balkan welaýatlarynyň demirgazygynda +15…+20°, beýleki sebitlerde bolsa +19…+24° bolar. Gündiz Daşoguz we Balkan welaýatlarynda howanyň temperaturasy +25…+30°, Ahal we Lebap welaýatlarynda demirgazykda +27…+32°, günortada bolsa +31…+35° bolar. Mary welaýatynda temperatura +30…+35° aralygynda bolar.
3-nji sentýabr, penşenbe güni, gije Daşoguz welaýatynda, Balkan we Lebap welaýatlarynyň demirgazygynda +13…+18°, beýleki sebitlerde bolsa +19…+24° bolar. Gündiz Daşoguz welaýatynda +25…+30°, Balkan, Ahal we Lebap welaýatlarynyň demirgazyk böleklerinde +27…+32°, beýleki sebitlerde bolsa esasan +29…+34° bolar.
Balkan, Daşoguz we Ahal welaýatlarynyň käbir ýerlerinde ýagyş ýagmagy, käbir ýerlerde ýyldyrym çakmagy mümkin.
4-nji sentýabr, anna güni, ygala garaşylmaýar. Gije Daşoguz welaýatynda, şeýle hem Balkan, Ahal we Lebap welaýatlarynyň demirgazyk böleklerinde howanyň temperaturasy +15…+20°, beýleki sebitlerde +18…+23° bolar. Gündiz Daşoguz welaýatynda we Balkan, Ahal hem-de Lebap welaýatlarynyň demirgazygynda +28…+31°, beýleki sebitlerde bolsa esasan +29…+34° bolar.
Aşgabatda howa
1-nji sentýabrda Aşgabatda gije howanyň temperaturasy +23…+25°, gündiz bolsa +33…+35° bolar. Ýeliň tizligi sekuntda 8–13 metre çenli güýçlener. Sişenbe gününden penşenbe gününe çenli ýerli häsiýetli az-kem ýagyşlaryň ýagmak ähtimallygy saklanar.
2–3-nji sentýabrda gündiz howanyň temperaturasy +29…+32° çenli peseler. Gije +20…+23° bolar.
4-nji sentýabrda paýtagtymyzda gije howanyň temperaturasy +19…+22°, gündiz bolsa +29…+32° bolar. Ýel esasan gowşak bolar.








