Özbegistanda IV–V asyrlara degişli gadymy diwar nagyşy tapyldy


Kaşkadarýa welaýatynyň Kamaşin etrabynda alymlar möhüm taryhy açyş etdiler. Boburtepa arheologik ýadygärliginde biziň eýýamymyzyň IV–V asyrlaryna degişli özboluşly diwar nagyşy bolan gadymy desganyň galyndylary ýüze çykaryldy diýip, Yuz.uz habar berýär.
Arheologlar otaglaryň biriniň palçyk suwagynda çigildemleriň we ak gülleriň şekilleri, şeýle hem gyzyl tolkun şekilli çyzyklar bilen bezelen nagyşy arassalap açdylar. Nagyş has soňky döwürde ak hek suwagynyň bir gatlagy bilen seresaplylyk bilen örtülendigi sebäpli biziň günlerimize çenli saklanypdyr.

Galyň diwarlaryň monumental gurluşy we saklanyp galan bezegler hünärmenlere bu desganyň gadymy ybadathana ýa-da dini merkez hökmünde ulanylandygyny çaklamaga esas berdi.
Ýadygärlikdäki gazuw-agtaryş işlerini Samarkant bölüminiň Arheologiýa institutynyň işgäri Sanjar Abdurahimow alyp barýar. Geljekki barlaglar alymlara toplumyň takyk maksadyny kesgitlemäge, onuň binagärlik aýratynlyklaryny öwrenmäge we sebitiň taryhy keşbini dikeltmäge mümkinçilik berer.
ORIENT







