HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Özbegistanda IV–V asyrlara degişli gadymy diwar nagyşy tapyldy

Awgust 31, 2026 | 11:50 |1886
Kaşkadarýa welaýatynyň Kamaşin etrabynda alymlar möhüm taryhy açyş etdiler. Boburtepa arheologik ýadygärliginde biziň eýýamymyzyň IV–V asyrlaryna degişli özboluşly diwar nagyşy bolan gadymy desganyň galyndylary ýüze çykaryldyKaşkadarýa welaýatynyň Kamaşin etrabynda alymlar möhüm taryhy açyş etdiler. Boburtepa arheologik ýadygärliginde biziň eýýamymyzyň IV–V asyrlaryna degişli özboluşly diwar nagyşy bolan gadymy desganyň galyndylary ýüze çykaryldy
Çeşme: yuz.uz

Kaşkadarýa welaýatynyň Kamaşin etrabynda alymlar möhüm taryhy açyş etdiler. Boburtepa arheologik ýadygärliginde biziň eýýamymyzyň IV–V asyrlaryna degişli özboluşly diwar nagyşy bolan gadymy desganyň galyndylary ýüze çykaryldy diýip, Yuz.uz habar berýär.

Arheologlar otaglaryň biriniň palçyk suwagynda çigildemleriň we ak gülleriň şekilleri, şeýle hem gyzyl tolkun şekilli çyzyklar bilen bezelen nagyşy arassalap açdylar. Nagyş has soňky döwürde ak hek suwagynyň bir gatlagy bilen seresaplylyk bilen örtülendigi sebäpli biziň günlerimize çenli saklanypdyr.

археологические раскопки 1

Galyň diwarlaryň monumental gurluşy we saklanyp galan bezegler hünärmenlere bu desganyň gadymy ybadathana ýa-da dini merkez hökmünde ulanylandygyny çaklamaga esas berdi.

Ýadygärlikdäki gazuw-agtaryş işlerini Samarkant bölüminiň Arheologiýa institutynyň işgäri Sanjar Abdurahimow alyp barýar. Geljekki barlaglar alymlara toplumyň takyk maksadyny kesgitlemäge, onuň binagärlik aýratynlyklaryny öwrenmäge we sebitiň taryhy keşbini dikeltmäge mümkinçilik berer.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

19:17 Sentýabr 18, 2026
Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

22:00 Sentýabr 17, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026