Özbegistan 2026-njy ýylda özbaşdak syýahat etmek üçin dünýäniň iň gowy 5 ýurdunyň hataryna girdi


Özbegistan Much Better Adventures syýahatçylyk platformasy tarapyndan düzülen Solo Travel Index 2026 halkara reýtinginde bäşinji orny eýeledi. Ýurt Italiýa, Ýaponiýa we Portugaliýa ýaly meşhur syýahatçylyk ugurlary bilen bir hatarda ýerleşdi. Bu barada Yuz.uz habar berýär.
Indeksi düzmekde bilermenler 26 ýurda baha berdiler. Baha berlende Global Peace Index boýunça howpsuzlyk derejesi, wiza şertleri, iýmitlenmegiň bahasy, biodürlüligiň görkezijileri we syýahatçylaryň özleriniň beren bahalary göz öňünde tutuldy.
Hünärmenler Özbegistanyň esasy artykmaçlyklarynyň hatarynda başdan geçirmeler syýahatçylygynyň ýokary derejesini we baý medeniýetini bellediler. Maslahat berilýän ugurlaryň arasynda Nurata daglarynda obalaryň arasynda pyýada geçişler we däp bolan ak öýlerde gijelemek, Gyzylgum çölüniň üsti bilen Aýdarkul kölüne syýahat etmek, şeýle hem Beýik Ýüpek ýolunyň gadymy şäherleri bolan Samarkanda we Buhara baryp görmek bar.
Bilermenler wiza düzgünleriniň ýeňilleşdirilmegi, infrastruktura ösüşi we syýahatlaryň elýeter bahasy sebäpli bu ugruň daşary ýurtly syýahatçylaryň arasynda barha meşhurlyk gazanýandygyny hem bellediler.
ORIENT







