HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ORIENT interwýu | Ilçi Azizbek Madmarow türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň we sebitara dialogyň ösdürilmegi barada

Awgust 29, 2026 | 12:00 |3112
Doganlyk gyrgyz halkynyň senenamasynda 31-nji awgust aýratyn orny eýeleýär – hut şol gün, mundan 35 ýyl ozal, «Gyrgyz Respublikasynyň döwlet Garaşsyzlygy hakyndaky Jarnama» kabul edildi. Şu taryhy senäniň öňisyrasynda dostlukly ýurduň ilçisi Azizbek Madmarow ORIENT-e interwýu berdiDoganlyk gyrgyz halkynyň senenamasynda 31-nji awgust aýratyn orny eýeleýär – hut şol gün, mundan 35 ýyl ozal, «Gyrgyz Respublikasynyň döwlet Garaşsyzlygy hakyndaky Jarnama» kabul edildi. Şu taryhy senäniň öňisyrasynda dostlukly ýurduň ilçisi Azizbek Madmarow ORIENT-e interwýu berdi
Çeşme: orient.tm

Doganlyk gyrgyz halkynyň senenamasynda 31-nji awgust aýratyn orny eýeleýär – hut şol gün, mundan 35 ýyl ozal, «Gyrgyz Respublikasynyň döwlet Garaşsyzlygy hakyndaky Jarnama» kabul edildi. Şu taryhy senäniň öňisyrasynda dostlukly ýurduň ilçisi Azizbek Madmarow ORIENT-e interwýu berdi.

– Azizbek Mamatowiç, okyjylarymyzyň adyndan Sizi we gyrgyz halkyny ýetip gelýän baýram – Gyrgyz Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň ýubileýi bilen gutlamaga rugsat ediň. Şu baýramçylyk we onuň ýurduňyzda nähili bellenilýändigi barada gürrüň beräýseňiz.

– Gutlaglaryňyz üçin köp sag boluň. Men hem öz gezegimde Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy we doganlyk türkmen halkyny ýetip gelýän baýram – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Gyrgyz Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni ýurduň esasy milli baýramydyr. Bu gün tutuş ýurt boýunça täze durmuş we infrastruktura taslamalary ulanmaga berilýär, konsertler, teatrlaşdyrylan çykyşlar, halk döredijiliginiň sergileri we atçylyk-sport oýunlary geçirilýär. Agşam bolsa asmany baýramçylyk feýerwerki bezeýär.

Şu ýyl respublika mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny belleýär. Ýakyn günlerde Bişkekde uly gerimli baýramçylyk çäreleri geçiriler. Olar VI Bütindünýä çarwadarlar oýunlarynyň açylyşy we ŞHG-nyň sammitiniň geçirilmegi bilen gabat gelýär.

Dynç alyş we baýramçylyk günlerinde paýtagt we ýurduň sebitleri ägirt uly baýramçylyk meýdançasyna öwrüler, hemme ýerde interaktiw oýunlar, medeni we sport çäreleri geçiriler.

Bütindünýä çarwadarlar oýunlarynyň açylyş dabarasy 31-nji awgust agşam täze «Bişkek Arena» stadionynda geçiriler. Bütindünýä çarwadarlar oýunlarynyň açylyşyny görmek isleýänleriň ählisine amatly bolar ýaly, Bişkekde 11 sany interaktiw we mugt fan-zonalar açyk bolar. Agşam bolsa «Bişkek Arena» stadionyndaky şounyň göni ýaýlymy başlanar.

ambassador-azizbek-madmarov-interview (2).jpg

– Jenap ilçi, ýene-de bir gezek gutlaglarymyzy kabul ediň we häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň ýagdaýyna Siz nähili baha berýärsiňiz?

– Gyrgyz-türkmen gatnaşyklary dostluga, özara hormata we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan berk binýatda ösdürilýär. 1991-nji ýylda Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan bäri Gyrgyzystan bilen Türkmenistan özygtyýarly we deňhukukly döwletler hökmünde hyzmatdaşlygy ýola goýup gelýärler. Şol ýyllaryň dowamynda syýasy, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlyk üçin zerur binýat döredildi.

Ýokary we iň ýokary derejedäki yzygiderli duşuşyklar we gatnaşyklar özara ynamy berkitmäge ýardam edýär hem-de ikitaraplaýyn, sebit hem-de halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýär.

Gyrgyz Respublikasy Türkmenistana Merkezi Aziýadaky möhüm we geljegi uly hyzmatdaş hökmünde garaýar. Biziň ýurtlarymyzy hoşniýetli goňşuçylygy, özara hormaty we konstruktiw hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga bolan maksatlar birleşdirýär. Soňky ýyllarda ikitaraplaýyn gatnaşyklar durnukly oňyn depgini görkezýär, hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär we täze mazmun bilen baýlaşýar.

Gyrgyzystan bilen Türkmenistan energiýa, ulag, söwda, medeniýet we bilim ugurlaryna aýratyn üns berip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýärler. Döwletlerimiz Merkezi Aziýada parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly şertleri döretmek boýunça netijeli hyzmatdaşlyk alyp barýarlar. Mundan başga-da, iki ýurt hem BMG, ÝHHG, GDA, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde, şeýle hem «Merkezi Aziýa +» formatynda ýakyn hyzmatdaşlyk edýärler.

Gyrgyzystan doganlyk ýurt we strategik hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny goldaýar, onuň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna we parahatçylygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek işine goşýan saldamly goşandyna ýokary baha berýär.

Gyrgyz Respublikasy Türkmenistanyň daşary syýasy başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar we ýurduň saýlap alan ösüş ýoluna hormat goýýar. Men mundan beýläk-de gyrgyz-türkmen gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna, şeýle hem tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň durnuklylygynyň we özara baglanyşygynyň ýokarlanmagyna ýardam etjekdigine ynanýaryn.

ambassador-azizbek-madmarov-interview (1).jpg

– Azizbek Mamatowiç, şu ýylyň oktýabr aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçiriler. 31-nji iýulda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygy geçirildi. Siziň pikiriňizçe, ony bu sebit forumlarynyň arasynda özboluşly köpri hökmünde kabul edip bolarmy?

– Hawa, elbetde. Awazada Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw geçiriler. Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistanyň Konsultatiw duşuşyklaryň formatyndaky başlyklygyna ýokary baha berdi, gyrgyz tarapy bolsa bu möhüm sebit forumynyň üstünlikli geçirilmegine ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady.

Çolpon-Atadaky forumy açyp, Gyrgyz Respublikasynyň Baştutany soňky ýyllarda sebitdäki hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze mazmuna eýe bolandygyny belledi. Yssyk-kölde geçirilen resmi däl sammit Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň Prezidentleriniň, şeýle hem Azerbaýjanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda geçirilip, syýasy dialogy, özara ynamy berkitmek we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açan möhüm sebit wakalarynyň birine öwrüldi.

Duşuşygyň bu formaty döwlet Baştutanlaryna gün tertibiniň möhüm meselelerini erkin ara alyp maslahatlaşmaga we geljekki hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berdi. Ýadyňyzda bolsa, esasy üns möhüm meselelere gönükdirildi.

Şolaryň hatarynda: Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ynamy we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmek; söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek; ulag-logistika gatnaşyklaryny ösdürmek; energetika we suw serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlyk; howanyň üýtgemegi we ekologik meseleler; medeni we ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak; sebitimiz bilen Azerbaýjanyň arasyndaky strategik gatnaşyklary giňeltmek ýaly meseleler bar.

Duşuşygyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilmegi hem Merkezi Aziýada hyzmatdaşlygy we özara düşünişmegi pugtalandyrmakda Gyrgyz Respublikasynyň işjeň ornuny aýratyn nygtady.

– Yssyk-kölde geçirilen resmi däl sammit Ilham Aliýewiň gepleşikler stolunda çagyrylan hyzmatdaş hökmünde däl-de, alty sany deňhukukly gatnaşyjynyň biri hökmünde oturan ilkinji iş meýdançasy boldy.

– Çolpon-Atada geçirilen sammit Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň syýasy dialogy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge we sebitde bar bolan möhüm meseleler boýunça bilelikdäki çözgütleri gözlemäge bolan islegini aýdyň görkezdi.

Azerbaýjan Respublikasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň formatyna doly hukukly gatnaşmagy özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm tapgyra öwrüldi. Bu çözgüt Merkezi Aziýa döwletleri bilen Azerbaýjanyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykandygyny görkezýär. Bu döwletleri taryhy, medeni, ykdysady hem-de ulag-logistika gatnaşyklary birleşdirýär.

Azerbaýjanyň bu formata goşulmagy sebit dialogynyň geografik çäklerini giňeldýär we Merkezi Aziýa bilen Günorta Kawkazyň arasynda bitewi hyzmatdaşlyk giňişligini döretmek üçin täze mümkinçilikleri açýar. Hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi Hazarüsti halkara ulag geçelgesini, logistika infrastrukturasyny ösdürmek we özara haryt dolanyşygyny artdyrmak üçin goşmaça mümkinçilikleri döredýär.

Täze format energetika, maýa goýumlary, söwda, sanlylaşdyrma we infrastruktura ösdürmek ugurlarynda has ýakyn hyzmatdaşlygyň geljegini açýar. Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň ykdysady mümkinçilikleriniň birleşdirilmegi iri sebit taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine goşmaça itergi berip biler.

ambassador-azizbek-madmarov-interview (4).jpg

– Jenap ilçi, Merkezi Aziýa döwletleriniň biri-biri bilen, ýumşak aýdylanda, umumy bähbitleri tapmakda kynçylyk çekýän döwründen bäri kän wagt geçmedi. Emma soňky ýyllarda olar daşary syýasy meýdançalara hatda ýeke-täk bolmasa-da, iň bolmanda ylalaşylan garaýyş bilen çykýarlar.

– Siziň bilen doly ylalaşýaryn. Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow sebitleýin hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagynyň esasy netijeleriniň biriniň döwletlerimiziň halkara giňişliginde birek-biregi özara goldawyň bolandygyny belledi. Gyrgyz Respublikasynyň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy milli bähbitleri durmuşa geçirmek üçin zerur bolan möhüm gurallaryň biridir.

Gyrgyz Respublikasynyň halkara giňişliginde möhüm üstünlikleriniň biri 2026-njy ýylyň iýunynda ýurduň 2027–2028-nji ýyllar üçin BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlanmagydyr. Bu waka ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda bolup, gyrgyz diplomatiýasynyň aýratyn üstünligi boldy. Biziň ýurdumyz bu ýeňşi halkara jemgyýetçiliginiň ýokary ynamy, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasyna agza ähli döwletleriň öňündäki uly jogapkärçilik hökmünde kabul edýär.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde agzalyk döwründe Gyrgyz Respublikasy halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny pugtalandyrmaga, dawalaryň öňüni almaga, öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmäge, jedelleri parahatçylykly ýol bilen çözmegi goldamaga, halkara ulgamynda kiçi we ösýän döwletleriň ornuny güýçlendirmäge, şeýle hem howa, suw, dag we ekologik meseleleri ählumumy howpsuzlygyň çäklerinde nazara almaga gönükdirilen ileri tutulýan ugurlary yzygiderli öňe sürmegi maksat edinýär.

– Siziň pikiriňizçe, Gyrgyz Respublikasynyň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlanmagy ýurda Merkezi Aziýanyň bähbitlerini halkara derejesinde görkezmäge we öňe sürmäge mümkinçilik berermi?

– Hawa, elbetde. Gyrgyz Respublikasynyň 2027–2028-nji ýyllar üçin BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlanmagy diňe bir Bişkegiň milli diplomatiýasynyň üstünligi bolman, eýsem tutuş Merkezi Aziýanyň bähbitlerini dünýäniň iň ýokary derejesinde öňe sürmek üçin örän güýçli guraldyr.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň işine gatnaşmak Gyrgyz Respublikasyna diňe bir möhüm halkara meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna has işjeň gatnaşmaga däl, eýsem Merkezi Aziýanyň bähbitlerine wekilçilik etmäge-de mümkinçilik berer.

Gyrgyzystan üçin Merkezi Aziýa döwletleriniň raýdaşlyk garaýşy aýratyn ähmiýete eýe boldy. Bu garaýyş BMG-a agza döwletlere Bilelikdäki ýüzlenmede öz beýanyny tapdy. Bu möhüm ädim sebit hyzmatdaşlygynyň, özara ynamyň we ýurtlarymyzyň halkara giňişliginde umumy bähbitleri bilelikde goramaga bolan isleginiň tassyknamasy boldy.

Gyrgyz Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalygyna saýlanmagy Merkezi Aziýanyň ähli döwletleriniň, şeýle hem «altylygyň» agzasy hökmünde Azerbaýjanyň halkara gatnaşyklary ulgamyndaky barha artýan ornunyň we abraýynyň subutnamasydyr.

– Gyrgyz Respublikasynyň çäginiň uly bölegini beýik Týan-Şan we Pamir-Alaý dag gerişleri eýeleýär. Şonuň üçin ýurduň BMG-de dag sebitleriniň durnukly ösüşi, buzluklaryň goralmagy we howanyň üýtgemegine garşy göreş meselelerini şeýle işjeň öňe sürýändigine düşünmek bolýar.

– Hakykatdan-da, dag meselelerini öňe sürmek Gyrgyz Respublikasynyň işinde aýratyn orun eýeleýär. Ýurdumyz bütin adamzat üçin möhüm bolan bu meseleleriň toplumlaýyn çözgüdinde halkara derejesinde öňdebaryjylaryň biri hökmünde öz ornuny yzygiderli pugtalandyrmagyny dowam etdirýär.

Gyrgyzystan köp ýyllaryň dowamynda BMG-niň meýdançasynda daglyk döwletleriň we sebitleriň meselelerine halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmäge gönükdirilen anyk teklipler bilen çykyş edip gelýär. Şu başlangyçlaryň netijesinde diňe bir daglyk döwletleriň däl, eýsem bütin dünýä jemgyýetçiliginiň ýaşaýyş üçin möhüm meseleleri halkara derejesinde has giňişleýin ünse eýe boldy.

Gyrgyz diplomatiýasy daglyk ýurtlaryň meselelerini diňe milli çäklerde çözmegiň mümkin däldiginden ugur alýar. Buzluklaryň eremegi, suw serişdeleriniň azalmagy, ýerleriň zaýalanmagy, tebigy betbagtçylyklar we howanyň üýtgemegi giň halkara hyzmatdaşlygyny talap edýär.

Gyrgyz Respublikasynyň başlangyjy bilen dag meseleleri boýunça, şol sanda Halkara daglar ýylynyň we Halkara daglar gününiň yglan edilmegi, daglyk sebitleriniň durnukly ösüşini öňe sürmek, dag ekoulgamlaryny goramak, buzluklary we suw serişdelerini saklamak, şeýle hem 2023–2027-nji ýyllar üçin daglyk sebitlerini ösdürmek boýunça Hereketleriň bäşýyllygyny yglan etmek barada BMG-niň 15 kararnamasy kabul edildi.

Şeýle hem Gyrgyz Respublikasynyň möhüm başlangyçlarynyň biri Bişkekde Dag sebitleriniň durnukly ösüşiniň Ählumumy merkezini döretmekdir. Onuň maksady daglyk çäkleriň ylmy, ekologik we durnukly ösüş meselelerini utgaşdyrmak üçin halkara meýdançasyny döretmekden ybaratdyr.

Gyrgyzystan üçin daglar diňe bir tebigy landşaft däl, eýsem millionlarça adamyň ýaşaýşynyň esasy, süýji suwuň çeşmesi, azyk we energetika howpsuzlygynyň möhüm şerti, şeýle hem howanyň üýtgemeginiň netijelerine aýratyn derejede gowşak giňişlikdir. Gyrgyz Respublikasynyň çäginiň takmynan 94 göterimini daglyk sebitler eýeleýär.

Buzluklar we dag ekoulgamlary diňe bir ýurduň ilatyny däl, eýsem Merkezi Aziýanyň döwletleriniň ep-esli bölegini hem suw serişdeleri bilen üpjün edýär. Şonuň üçin Gyrgyzystan daglary goramak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak we beýik daglyk sebitleriň durnukly ösüşi meselelerini halkara derejesinde yzygiderli öňe sürýär.

Bu ugurda möhüm waka 2027-nji ýylyň 21–23-nji oktýabrynda Gyrgyz Respublikasynda geçiriljek «Bişkek+25» atly Ikinji Ählumumy Dag Sammiti bolmalydyr. Bu sammitiň Gyrgyzystanda geçirilmegi tutuş Merkezi Aziýa sebiti üçin hem aýratyn ähmiýete eýedir.

Gyrgyzystanyň we goňşy döwletleriň dag ulgamlary suw serişdeleriniň iň möhüm çeşmeleriniň biridir. Buzluklaryň we dag ekoulgamlarynyň ýagdaýyna millionlarça adamyň oba hojalygynyň, energetikasynyň we ekologik howpsuzlygynyň geljegi baglydyr.

3 Посол  (5) .jpg

– Çolpon-Atada geçirilen resmi däl sammitde Prezident Sadyr Žaparow hut sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen birnäçe möhüm teklipleri öňe sürdi. Şolar barada gürrüň beräýseňiz.

– Bu forumda syýahatçylygy, ulag ulgamyny, energetikany ösdürmäge we sebit ýurtlarynyň umumy bähbitlerini halkara giňişliginde öňe sürmäge aýratyn üns berildi. Gyrgyz Respublikasynyň Baştutany Merkezi Aziýa ýurtlarynyň üsti bilen syýahat edýän daşary ýurt raýatlary üçin ýeke-täk syýahatçylyk wizasyny girizmegiň mümkinçiligine garamagy teklip etdi.

Bu syýahatçylara bir wiza arkaly sebitiň birnäçe döwletine baryp görmäge mümkinçilik bererdi. Şeýle başlangyç Merkezi Aziýany has özüne çekiji we syýahat etmek üçin amatly ugra öwrüp, daşary ýurtly myhmanlaryň sanynyň artmagyna, myhmanhana işiniň, ulag ulgamynyň we hyzmatlar pudagynyň ösmegine ýardam edip biler.

Duşuşykda ulag özara baglanyşygyny ösdürmäge – Merkezi Aziýa ýurtlaryny özara we beýleki sebitler bilen birleşdirýän awtomobil, demir ýol we awia ugurlaryny giňeltmäge hem uly üns berildi. Şu nukdaýnazardan täze halkara ulag geçelgeleri, şol sanda Hytaý–Gyrgyzstan–Özbegistan demir ýol taslamasy, şeýle hem Hazar sebiti we Azerbaýjanyň üsti bilen geçýän ugurlary ösdürmek aýratyn ähmiýete eýedir.

Prezident Sadyr Žaparow sebitde energetika howpsuzlygyny pugtalandyrjak bilelikdäki energetika taslamalaryny durmuşa geçirmegiň möhümdigini hem nygtady. Hususan-da, Gyrgyz Respublikasynyň Gazagystan we Özbegistan bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirýän Kambar-Ata GES-1 taslamasynyň ähmiýeti uludyr. Şunuň ýaly taslamalar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň ösmegine we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam edip biler.

– Azizbek Mamatowiç, ORIENT-iň okyjylarynyň adyndan gyzykly interwýu üçin Size minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň.

– Şu pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy we doganlyk türkmen halkyny ýetip gelýän baýram – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn hem-de berk jan saglyk, bagt, parahatçylyk, abadançylyk we mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw edýärin.

Bekdurdy AMANSARYÝEW

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

19:17 Sentýabr 18, 2026
Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

22:00 Sentýabr 17, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026