HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Seulda koreý halkyny Merkezi Aziýanyň medeniýeti bilen tanyşdyrmak maksady bilen jemgyýetçilik çäresi geçirildi

Awgust 28, 2026 | 11:00 |2535
Seul şäherinde 2026-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän taryhy «Koreýa – Merkezi Aziýa» birinji sammitine bagyşlanan köpçülikleýin çäreleriň tapgyry başlandy. Çarşenbe güni Çhonge meýdançasynda Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň ýanyndaky Taýýarlyk edarasy tarapyndan «Beýik Ýüpek ýolunda duşuşyk» diýen şygar astynda giň gerimli medeni festiwal geçirildiSeul şäherinde 2026-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän taryhy «Koreýa – Merkezi Aziýa» birinji sammitine bagyşlanan köpçülikleýin çäreleriň tapgyry başlandy. Çarşenbe güni Çhonge meýdançasynda Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň ýanyndaky Taýýarlyk edarasy tarapyndan «Beýik Ýüpek ýolunda duşuşyk» diýen şygar astynda giň gerimli medeni festiwal geçirildi
Çeşme: dwbnews.kr

Seul şäherinde 2026-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän taryhy «Koreýa – Merkezi Aziýa» birinji sammitine bagyşlanan köpçülikleýin çäreleriň tapgyry başlandy. Çarşenbe güni Çhonge meýdançasynda Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň ýanyndaky Taýýarlyk edarasy tarapyndan «Beýik Ýüpek ýolunda duşuşyk» diýen şygar astynda giň gerimli medeni festiwal geçirildi.

seoul-public-event-introduces-central-asian-culture (1).jpeg

Günorta Koreýanyň “DWB News” neşiriniň bellemegine görä, bu çäre Seulyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň — Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň medeni mirasy bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir.

seoul-public-event-introduces-central-asian-culture (1).jpg

Ýörite enjamlaşdyrylan meýdançada myhmanlar milli egin-eşikleri geýip görmäge, dürli tematik çärelerde we bäsleşiklerde gatnaşmaga, şeýle hem Merkezi Aziýa halklarynyň myhmansöýerliginiň möhüm nyşany bolup durýan gündogaryň çaý medeniýeti bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

seoul-public-event-introduces-central-asian-culture (3).jpeg

Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary, şeýle hem Taýýarlyk edarasynyň ýolbaşçysy Çon Yý He öňde boljak diplomatik forumyň diňe bir döwletara dialogy ösdürmekde däl, eýsem ynsanperwer we ýaşlar ugurlaryndaky gatnaşyklary giňeltmekde hem möhüm tapgyr boljakdygyny nygtady.

seoul-public-event-introduces-central-asian-culture (2).jpeg

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026