HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan bilen Koreýa bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeldýärler

Awgust 29, 2026 | 14:21 |294
Şu gün, 28-nji awgustda, Aşgabatda Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew bilen Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Li Wonjeniň duşuşygy geçirildiŞu gün, 28-nji awgustda, Aşgabatda Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew bilen Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Li Wonjeniň duşuşygy geçirildi
Çeşme: education.gov.tm

Şu gün, 28-nji awgustda, Aşgabatda Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew bilen Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Li Wonjeniň duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ylym-bilim ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ony ösdürmegiň geljegi uly ugurlaryny jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär.

Häzirki wagtda bilim ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny 20-ä golaý pudagara ylalaşyklar we özara düşünişmek hakyndaky ähtnamalar düzýär. Täze möhüm resminamalara şu ýylyň sentýabr aýynda Seulda geçiriljek «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» ilkinji Sammitiniň çäklerinde gol çekmek meýilleşdirilýär.

Koreýa tarapy Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda we Aşgabat şäheriniň 88-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebinde koreý diliniň okadylyşynyň hiline ýokary baha berdi.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ýanyndaky Patyşa Sejong adyndaky Okuw merkeziniň dünýä ulgamyndaky iň nusgalyk merkez hökmünde ykrar edilendigi aýratyn bellenildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa we maglumat merkeziniň ýanyndaky Maglumat elýeterlilik merkezi 2024-nji ýylyň netijeleri boýunça iň gowy merkez diýen ada mynasyp boldy.

Duşuşygyň dowamynda Kanwon milli uniwersiteti bilen akademiki alyş-çalyşlary ösdürmäge aýratyn üns berildi. 2026-njy ýylyň tomsunda iki ýurduň talyplary özara tejribe okuwlaryny üstünlikli geçdiler, 2026–2027-nji okuw ýylynda bolsa türkmen dil biliminiň ýokary okuw mekdebiniň üç talyby bir ýyllyk okuw üçin Koreýa Respublikasyna ugradyldy.

Duşuşygyň çäklerinde koreý mugallymlaryny çekmek, olimpiadalara bilelikde taýýarlyk görmek, ylmy işleri neşir etmek we sanly bilim boýunça tegelek stollar geçirmek baradaky teklipler öňe sürüldi.

Mundan başga-da, 2026–2027-nji ýyllarda Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň kiçi grantlarynyň hasabyna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki dostlukly döwletiň bähbitlerine laýyklykda netijeli dialogy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistan bilen Koreýa bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeldýärler

Türkmenistan bilen Koreýa bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeldýärler

14:21 Awgust 29, 2026
Nazaryýetden kosmosa çenli: Hindistanda Mission ShakthiSAT maksatnamasynyň halkara tapgyry nähili geçýär

Nazaryýetden kosmosa çenli: Hindistanda Mission ShakthiSAT maksatnamasynyň halkara tapgyry nähili geçýär

07:03 Awgust 29, 2026
Ýaponiýanyň Daşary işler ministri daşary ýurt saparynyň çäklerinde Türkmenistana geler

Ýaponiýanyň Daşary işler ministri daşary ýurt saparynyň çäklerinde Türkmenistana geler

06:10 Awgust 29, 2026