Türkiýäniň Egeý deňziniň kenary boýunça awtomobil syýahaty


Häzirki zaman syýahatçylyk dünýäsi hemişe täze ugurlary hödürleýär, emma awtoulagyň başynda özbaşdak syýahat etmegiň berýän erkinligi bilen hiç zat deňleşip bilmez. 2026-njy ýyl üçin syýahatçylyk pudagynyň dünýä derejesindäki çaklamalaryna görä, adaty ugurlardan daşlaşyp, duýdansyz açyşlary we ýatdan çykmajak täsirleri gözleýän syýahatçylaryň arasynda awtoulagly syýahatlar esasy saýlawlaryň birine öwrülýär.
Bu nukdaýnazardan, Türkiýäniň Egeý deňziniň kenary awtosyýahatçylyk üçin hakyky nusgalyk ugur bolup durýar. Bu ýerde ajaýyp dag ýollary, gadymy siwilizasiýalaryň yzlary, zümerret öwüşginli zeýtun baglary we kenarýaka durmuşynyň asuda depgini syýahatçylara özboluşly täsirleri bagyşlaýar.
Gallipoli, Troýa we Assos: taryh bilen deňziň duşuşygy

Syýahaty Çanakkaleden başlamak amatly. Bu ýerde Gallipoliniň taryhy ýadygärliklerini, rowaýata öwrülen gadymy Troýa şäherini we baýrakly Troýa muzeýini görüp bilersiňiz.
Has günortada Behramkale obasynda Assos ýerleşýär. Ol salkyn we dury suwlary, Afina ybadathanasy hem-de Kadyrga aýlagy bilen meşhurdyr. Ajaýyp Kaz (Ida) daglarynyň üstünden geçip barýarkaňyz, Adatepe we Ýeşilýurt ýaly däp bolan obalarda dynç almak üçin säginmek maslahat berilýär.
Aýwalyk: özboluşly şäher we Junda adasy

Aýwalykda meşhur ýerli tostuny dadyp görmek, köne bazarda gezelenç etmek, Saatli metjidini görmek we «Şeýtanyň saçagy» synlaýyş meýdançasyna çykmak bolýar. Junda adasynda bolsa däp bolan Egeý mezeleri bilen hödürlenýän iň gowy balyk restoranlary size garaşýar.
Çeşme: Izmiriň dürdänesi

Gadymy Bergamanyň üsti bilen günorta tarap ýoluňyzy dowam etdirip, Çeşme ýarymadasyna bararsyňyz. Bu ýerde termal çeşmeler, Çeşme galasy we ajaýyp kenarýakalar ýerleşýär. Alaçaty şäherçesi kaýtsörfingiň halkara merkezleriniň biridir. Urla sebiti bolsa üzüm baglary we MICHELIN gollanmasynda bellenen restoranlary bilen meşhurdyr.
Kuşadasy: gadymy Efesiň golaýynda

Ugur Selçuga we Kuşadasyna tarap dowam edýär. Selçukda gadymy Efes şäheri we Şirinjе obasy ýerleşýär. Kuşadasynda bolsa kenarlar we Dilek ýarym adasyndaky milli seýilgähiň ajaýyp aýlaglary syýahatçylara özboluşly dynç alyş mümkinçiliklerini hödürleýär. Gün ýaşmagyna bolsa Güwerjinada adasynda tomaşa etmek has ýakymly.
Kenarýaka boýunça mundan beýläk Didim ýerleşýär. Bu ýerde Altynkum kenarynda dynç alyp, Meduza Gorgonanyň relýefi bilen bezelen ajaýyp Apollon ybadathanasyny görüp bilersiňiz.
Bodrum: Egeý ugrunyň jemleýji nokady
Syýahatyň soňky nokady Bodrum bolup, ol kaşaň dynç alşyň esasy merkezleriniň biridir. Şäher ak reňkli jaýlary, Bodrum galasy, Galikarnasdaky Mawzoleýiň harabalyklary, «Gök baýdak» bilen sylaglanan kenarlary we ýokary derejeli aşhanasy bilen meşhurdyr.

Syýahatçylar üçin maslahat: Islegiňize görä, günorta tarap ýoluňyzy Datça, Marmaris, Fethiýe we Antalýa çenli dowam etdirip bilersiňiz (Kaşdan Alaniýa çenli).
Egeý deňziniň kenary boýunça awtomobil ugry diňe bir nokatdan beýleki nokada gitmek däl-de, her bir kilometri taryhyň we tebigatyň sazlaşygyndan doly baý mazmunly syýahatdyr. Deňiz şemaly bilen utgaşýan gadymy rowaýatlar, ýerli aşhananyň inçe tagamlary we her öwrümde garaşylmadyk açyşlar hiç bir syýahatçyny biperwaý goýmaz. Her bir minudyňyzy şahsy we özboluşly hekaýa öwürýän bu ugur Türkiýäniň hakyky erkinlik ruhuny hem-de baý medeni mirasyny duýmak isleýänler üçin ajaýyp saýlaw bolar.
ORIENT






