HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymlary Ogaýoda ikitaraplaýyn diplom maksatnamalaryny öwrendiler

Awgust 27, 2026 | 12:00 |3986
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýeti ABŞ-nyň Ogaýo ştаtyndaky Kent döwlet uniwersitetine on günlük iş sapary bilen bardy. Türkmen hünärmenleriniň bu sapary akademik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, okuw maksatnamalaryny halkara derejesine çykarmagyň mehanizmlerini işläp düzmäge we öňdebaryjy institusional standartlary amaly taýdan özleşdirmäge bagyşlandyHalkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýeti ABŞ-nyň Ogaýo ştаtyndaky Kent döwlet uniwersitetine on günlük iş sapary bilen bardy. Türkmen hünärmenleriniň bu sapary akademik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, okuw maksatnamalaryny halkara derejesine çykarmagyň mehanizmlerini işläp düzmäge we öňdebaryjy institusional standartlary amaly taýdan özleşdirmäge bagyşlandy
Çeşme: HYYweÖU

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýeti ABŞ-nyň Ogaýo ştаtyndaky Kent döwlet uniwersitetine on günlük iş sapary bilen bardy. Türkmen hünärmenleriniň bu sapary akademik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, okuw maksatnamalaryny halkara derejesine çykarmagyň mehanizmlerini işläp düzmäge we öňdebaryjy institusional standartlary amaly taýdan özleşdirmäge bagyşlandy.

HYYÖU-nyň wekilleriniň üns merkezi ikitaraplaýyn diplom maksatnamalaryny ornaşdyrmak, bilim işini döwrebaplaşdyrmak usullary hem-de professor-mugallymlar düzüminiň hünär derejesini ýokarlandyrmak ulgamlary boldy. Ýöriteleşdirilen seminarlarda türkmen mugallymlary HLC, ABET we AACSB halkara akkreditasiýasynyň amerikan standartlaryny, şeýle hem okaýyş netijelerini bahalandyrmagyň döwrebap ölçeglerini jikme-jik öwrendiler. Bu işiň esasy amaly netijesi türkmen ýokary okuw mekdebinde hili ýokarlandyrmak we halkara ölçeglerine uýgunlaşdyrmak boýunça «ýol kartasynyň» işlenip düzülmegi bolar.

Amerikan kampusynyň düzümi bilen tanyşmagyň barşynda wekiliýet halkara talyplary kabul etmek gulluklarynyň, MBA maksatnamalarynyň, OhioLINK we ILLiad gözleg ulgamlaryna birikdirilen uniwersitet kitaphanasynyň işini öwrendi. Mugallymlardan we ýokary ýyl talyplardan ybarat bolan tälimçiler talyplara çylşyrymly dersleri özleşdirmäge, uniwersitetiň talaplaryna uýgunlaşmaga we özbaşdak ylmy iş endiklerini ösdürmäge kömek edýän ýöriteleşdirilen şahsy goldaw gulluklary bolan akademik tälimçilik merkezleriniň işi aýratyn gyzyklanma döretdi.

HYYÖU-nyň wekilleri Tapawutlylyk kollejiniň, Innowasion dizaýn merkeziniň (DI Hub) işi bilen tanyşdylar, Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasynyň işgärleri bilen duşuşyga hem-de birnäçe medeni we bilim çärelerine gatnaşdylar. Bu sapar ýurdumyzyň ýokary okuw mekdebini dünýä ylym-bilim giňişligine integrirlemegiň ýolundaky nobatdaky amaly ädimi boldy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýewropa Bileleşiginiň «Horizon Europe» maksatnamasynyň çäginde geçirilen okuw maslahaty

Ýewropa Bileleşiginiň «Horizon Europe» maksatnamasynyň çäginde geçirilen okuw maslahaty

20:25 Oktýabr 14, 2026
BMG Ýemendäki ynsanperwer ýagdaýyň has-da ýaramazlaşýandygyny duýdurdy

BMG Ýemendäki ynsanperwer ýagdaýyň has-da ýaramazlaşýandygyny duýdurdy

20:00 Oktýabr 14, 2026
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 5G ulgamy işe girizildi

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 5G ulgamy işe girizildi

19:20 Oktýabr 14, 2026