Aşgabat Minsk şäherindäki GDA-nyň ştab-kwartirasynda Halk Maslahatynyň gün tertibini tanyşdyrdy


25-nji awgustda Minsk şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletleriň hemişelik doly ygtyýarly wekilleriniň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Oňa Arkalaşygyň Baş sekretary Sergeý Lebedew hem gatnaşdy. Türkmenistanyň Ilçihanasynyň teklibine laýyklykda, duşuşygyň gün tertibine Aşgabatda geçiriljek içerki syýasy çäreleriň esasy ugurlary hem girizildi.

Türkmenistanyň doly ygtyýarly wekili, Ilçi Nazarguly Şagulyýew gatnaşyjylara Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny baýram etmäge görülýän taýýarlyk işleri, şeýle hem 23-nji sentýabrda geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisi barada giňişleýin maglumat berdi. Umumymilli forum ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlaryny kesgitlejekdigi bellenildi. Şeýle hem oňyn bitaraplyk syýasatynyň sebit derejesinde konstruktiw hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ygtybarly binýady bolup hyzmat etmegini dowam etdirjekdigi nygtaldy.

Şol bir wagtyň özünde diplomatlar dekabr aýynda Moskwa şäherinde geçiriljek GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň gün tertibini taýýarlamak boýunça işleri alyp bardylar. Premýer-ministrlere senagat, innowasiýalar, düýpli ylym, daşky gurşaw we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli resminamalaryň toplumyna, şol sanda syýahatçylyk we «Arkalaşyk» kino festiwaly bilen bagly meselelere garamak teklip ediler. Mundan başga-da, hemişelik wekiller guramanyň Synçy we Hyzmatdaş diýen täze hukuk derejeleriniň çäklerinde GDA-nyň daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen gatnaşyklaryny ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. «GDA+» formatyny ösdürmek hem aýratyn ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy. Bu formatyň çäklerinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna synçy derejesiniň berilmegine mümkinçilik döredildi we beýleki halkara düzümler bilen dialog üçin täze mümkinçilikler açdy.





