Guterriş deňizdäki dar geçelgelerde ynamy berkitmek üçin mehanizm döretmäge çagyrdy
BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş duşenbe güni deňizdäki dar geçelgeler arkaly birinji zerur harytlaryň bökdençsiz hereketini üpjün etmäge gönükdirilen ynamy berkitmek mehanizmini döretmek üçin degişli taraplary özara gatnaşyga we hyzmatdaşlyga çagyrdy.
Deňiz bogazlary dünýä ykdysadyýetiniň arteriýalary bolup, olaryň üsti bilen her gün tonnalap azyk önümleri, dökünler we ýangyç daşalýar. Bu ýollar geosyýasy çaknyşyklar sebäpli ýapylanda, söweş zolagyndan müňlerçe kilometr uzaklykda ýaşaýan millionlarça adam zyýan çekýär. Guterrişiň ynamy berkitmek mehanizmini döretmek baradaky teklibi şeýle bir pikiri ýatladýar: hatda uruş şertlerinde-de ynsanperwer ýükleriň mätäç adamlara ýetmegini üpjün edýän amaly çözgütleri tapmak mümkindir. Onuň başlangyjy syýasy ylalaşygyň ornuny tutmak synanyşygy däl-de, töwekgelçilikleri azaltmak we halkara gapma-garşylygynyň başagaýlygynda öňünden çaklap bolýan ýagdaýy dikeltmek üçin ilkinji ädimdir.
Guterriş özüniň mart aýynda Ormuz bogazyndaky krizis boýunça döreden ýörite toparynyň ilki bilen dökünlere we olar bilen baglanyşykly çig mala gönükdirilen, emma soňra beýleki önümlere hem giňeldilmek mümkinçiligi bolan «amaly we möhleti çäklendirilen ynamy berkitmek mehanizmini» işläp düzmegiň üstünde işleýändigini aýtdy.
«Deňiz gatnawynyň hukuklary we azatlyklary abstrakt ýörelgeler däldir, olar halkara hukugynyň bir bölegidir. Bu hukuklar we azlyklar halkara parahatçylygy we howpsuzlygy, şeýle hem milliardlarça adamyň durmuşynyň bagly bolan azyk, energiýa we birinji zerur harytlarynyň akymy üçin örän möhümdir.
Bu mehanizm Ormuz bogazyndan geçmäge rugsat bermez we haýsydyr bir agza döwletiň hukuklaryny ýa-da borçlaryny, şeýle hem onuň halkara hukugyny üýtgetmez. Özygtyýarly çözgütler diňe gatnaşýan agza döwletleriň ygtyýarynda galar. Birleşen Milletler Guramasy bitarap araçy hökmünde çykyş eder, maksadymyz bolsa ýönekeý: gyssagly töwekgelçilikleri azaltmak, has tertipli we öňünden çaklap bolýan üstaşyr geçişi goldamak hem-de diplomatiýa we dartgynlygy gowşatmak üçin zerur bolan ynamy dikeltmäge ýardam bermek», — diýip, ol metbugat maslahatynda aýtdy.
Guterrişiň aýtmagyna görä, bu mehanizm çalt herekete geçirilip bilner, sebäbi bu tagallalara halkara goldawynyň bolmagy, esasan-da, deňiz aragatnaşyk ýollary bozulanda nämäniň howp astyna düşýändigine düşünýän gowşak ýagdaýdaky ýurtlaryň goldawy umyt döredýär.
«Häzirki wagtda taraplaryň hyzmatdaşlygy we syýasy erk-islegi zerurdyr. Men ähli gyzyklanýan taraplary çynlakaý we konstruktiw gatnaşyga çagyrýaryn».
Guterriş bu mehanizmiň deňiz gatnawynyň hukuklaryny we azatlyklaryny doly dikeltmegiň ýa-da bu çaknyşyklary bes etmek üçin zerur bolan syýasy çözgütleriň ornuny tutmajakdygyny duýdurdy. Emma onuň sözlerine görä, bu amaly ilkinji ädimdir.
Guterriş: «Bu hatda çaknyşyk şertlerinde-de töwekgelçilikleri azaltmagyň, raýat ilatyny goramagyň we birinji zerur harytlaryň bökdençsiz hereketini üpjün etmegiň mümkindigini görkezýär» diýip aýtdy.
«Muňa alternatiw görnüş hökmünde dowam edýän bökdençlikler, ynamsyzlygyň has-da çuňlaşmagy we göni täsir edilen sebitlerden uzakda ýaşaýan adamlar üçin barha artýan kynçylyklar ýüze çykar», — diýip, ol duýdurdy.
Guterriş halkara hukugynyň, şol sanda deňiz hukugynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň doly berjaý edilmegine; raýat deňiz gatnawynyň, infrastrukturasynyň we raýat deňizçileriň goralmagyna; deňiz gatnawynyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmegine; Gara deňizde täjirçilik deňiz gatnawyna we raýat infrastrukturasyna edilýän hüjümleriň haýal etmän bes edilmegine; Ormuz bogazynda deňiz gatnawynyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň doly dikeldilmegine we hormatlanmagyna; şeýle hem Gyzyl deňizde we Bab-el-Mandeb bogazynyň töwereginde gämilere edilýän hüjümleriň bes edilmegine çagyrdy.
«Deňizdäki dar geçelgeler hiç haçan mejbur ediş serişdesine öwrülmeli däldir. Dünýäniň azyk gorlary hem çaknyşyklaryň netijesinde hiç haçan ugurdaş zyýanyna öwrülmeli däldir», — diýip, Guterriş aýtdy.
Ormuz bogazyndaky krizis 2026-njy ýylyň başynda ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky çaknyşygyň ýitileşmeginden soň has-da güýçlendi. Bu bogaz Pars aýlagyndan nebit eksport etmek, şeýle hem import edilýän azyk önümlerini we dökünleri olara bagly sebitlere ýetirmek üçin möhüm ähmiýetli ugur bolup durýar.
Gabaw we harby hereketler deňiz gatnawyny düýpli bozup, energiýa serişdeleriniň bahalarynyň ýokarlanmagyna we ösüp barýan ýurtlarda azyk howpsuzlygyna abanýan howpuň artmagyna sebäp boldy. Guterriş taraplary dartgynlygy gowşatmaga ençeme gezek çagyrdy, onuň täze başlangyjy bolsa ýaşaýyş üçin möhüm harytlardan başlap, dartgynlygy azaltmak üçin anyk mehanizmi teklip edýär.
CCTV+-yň habar bermegine görä, Guterrişiň deňizdäki dar geçelgelerde ynamy berkitmek mehanizmini döretmek baradaky teklibi harby logikanyň ynsanperwer akymlarynyň öňüni alýan ýagdaýdan amaly çykalga tapmaga synanyşykdyr.
Bu başlangyjyň üstünlik gazanmagy taraplaryň gepleşikler stoluna geçmäge we deňizleriň howpsuzlygynyň söwda predmeti däl-de, umumy jogapkärçilikdigini ykrar etmäge taýýarlygyna bagly bolar. Eger-de çaknyşyk dowam etse, onuň netijeleri iň ejiz gatlaklara has agyr täsir edip, deňiz bogazlaryny açlygyň we durnuksyzlygyň serişdesine öwrüp biler.








