Artykmaç ýük, gysga aralykdaky uçuş birikmeleri we suw çüýşesi: syýahatçylaryň ýalňyşlyklary we peýdaly maslahatlar baradaky barlag


Artykmaç ýük, örän gysga uçuş birikmeleri we aşa dykyz ugurlar halkara syýahatlar wagtynda iň köp duş gelýän stress çeşmeleriniň hatarynda galmagyny dowam etdirýär. Täze barlag tejribeli syýahatçylaryň syýahatlaryny has amatly we howpsuz etmek üçin nähili amaly çözgütleri ulanýandygyny hem görkezdi.
Syýahat erkinligi we täze täsirleri aňladýar, emma onuň guralyşy köplenç özbaşdak stress çeşmesine öwrülýär. Ýük ýygnamakdaky ýalňyşlyklar, gatnawlaryň arasyndaky wagtyň ýetmezçiligi ýa-da zerur resminamalaryň sanly görnüşde bolmazlygy syýahaty ep-esli kynlaşdyryp biler.
Global Rescue Traveller Sentiment and Safety Survey barlagynyň soňky maglumatlaryna görä, artykmaç ýük tejribeli halkara syýahatçylaryň arasynda iň köp ýaýran ýalňyşlyk bolmagynda galýar. Soragnama gatnaşyjylaryň 38%-i köp sanly zatlary almaklygyny baş ýalňyşlygy hökmünde bellediler. Deňeşdirmek üçin, 2025-nji ýylda bu görkeziji 32%-e, 2024 we 2023-nji ýyllarda bolsa 35%-e deňdi.
Şol bir wagtyň özünde, pandemiýadan öňki döwür bilen deňeşdirilende ýagdaý düýpli üýtgedi. 2020-nji ýylyň fewral aýynda syýahatçylaryň 74%-i artykmaç ýüki esasy mesele hökmünde görkezipdiler.
Artykmaç ýük diňe bir rahatlyk meselesi däl
Global Rescue kompaniýasy ýüküň agramynyň aşa köp bolmagynyň diňe bir hojalyk oňaýsyzlyklaryny döretmän, eýsem howpsuzlyga hem täsir edýändigine ünsi çekýär. The Global Rescue Companies kompaniýasynyň baş direktory Den Riçardsyň bellemegine görä, agyr torbalar fiziki ýüklenmäni artdyrýar, deňagramlylygy ýaramazlaşdyryp, hereket wagtynda ýykylyp ýaralanmak töwekgelçiligini ýokarlandyryp biler.
Bu faktor adatdan daşary ýagdaýlarda has-da möhüm ähmiýete eýe bolýar. Howply zolagdan çalt çykmak zerurlygy ýüze çykanda — mysal üçin, tokaý ýangyny, köpçülikleýin tertipsizlikler ýa-da tupan sebäpli — ýüküň köp bolmagy adamyň hereket ediş ukybyny çäklendirip biler.
Şeýlelik bilen, ýüke oýlanyşykly çemeleşmek diňe bir rahatlyk däl, eýsem syýahatçynyň howpsuzlygy bilen hem baglydyr.
Gysga birikmeler we dykyz ugurlar
Ikinji iň köp ýaýran mesele uçuşlaryň arasyndaky aşa gysga birikmeler boldy. Soragnamadan geçenleriň 19%-i munuň üstünde durup geçdiler.
Syýahatçylaryň ýene 10%-i gijä galmalara we garaşylmadyk ýagdaýlara wagt goýman, ugurlaryny aşa dykyz düzýändiklerini ykrar etdiler.
Respondentleriň her biri 8%-den öňünden ýüklenen offline-kartlaryň we bron maglumatlarynyň elektron tassyknamalarynyň ýokdugyny, şeýle hem howa menzilindäki walýuta çalyş nokatlarynda pul alyşmagyň peýdasyzdygyny ýalňyşlyk hökmünde bellediler.
Bu netijeler kynçylyklaryň ähmiýetli bir böleginiň göni syýahat wagtynda däl-de, eýsem onuň meýilnamalaşdyrylyş tapgyrynda ýüze çykýandygyny görkezýär. Uçuşlaryň arasyndaky wagt ätiýaçlygy, internete birikmezden zerur maglumatlara elýeterlilik we öňünden meýilleşdirilen maliýe ýoly syýahatçynyň ýagdaýlara baglylygyny ep-esli azaldyp biler.
Tejribeli syýahatçylar nähili çözgütleri ulanýarlar?
Barlag syýahatlary has guramaçylykly etmäge kömek edýän amaly endikleri hem aşgär etdi.
• Akylly bellikleri (smart-metka): Tabşyrylýan ýüklerde iň köp ýaýran usul bolup durýar (gatnaşyjylaryň 31%-i ulanýar).
• Sanly nusgalar: 16%-i pasportyň we başga resminamalaryň sanly nusgalaryny saklap, olary öz elektron poçtasyna ugradýarlar.
• Kopmression organaýzerler: Ýük ýygnamakda 10% syýahatçylar kopmression organaýzerleri ulanýarlar, ýene 10%-i egin-eşikleri adaty ýörelge boýunça däl-de, eýsem rulon görnüşinde bükmegi ileri sürýärler.
• Köpportly zarýad berijiler: Respondentleriň 9%-i ulanýar.
• Boş köp gezek ulanylýan suw çüýşeleri: 7%-i howa menzilinde barlagdan geçenden soň doldurmak üçin özleri bilen alyp gidýärler.
• Maglumatlary öňünden ýüklemek: 6%-i enjamlaryna kinolary, aýdymlary we beýleki wideo mazmunyny öňünden ýükleýärler.
Meýilleşdirme howpsuzlygyň bir bölegine öwrülýär
Barlagyň netijeleri bir kanunalaýyklylygy görkezýär: syýahatlardaky biynjalyk edýän esasy kynçylyklar garaşylmadyk ýagdaýlar bilen däl-de, eýsem öňünden kabul edip boljak çözgütler bilen baglydyr. Näçe az goş daşamaly bolsa, ugurlaryň tapgyrlarynyň arasynda näçe köp wagt bellenen bolsa we resminamalar, kartlar näçe gowy taýýarlanylan bolsa, syýahaty bozup biljek ýagdaýlar hem şonça az bolar.
Häzirki zaman syýahatçy üçin taýýarlyk görmek diňe bir amatlylyk meselesi däl, eýsem ýolda hereket ediş ukyby, wagty we ýagdaýa gözegçiligi saklamagyň usulydyr.





