HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Pakistanyň Maglumat tehnologiýalary ministrligi Türkmenistan bilen bilelikdäki taslamalaryň mümkinçiliklerini öwrenýär

Awgust 25, 2026 | 08:07 |3389
Türkmenistan bilen Pakistan sanly özgertmeler we telekommunikasiýalar ulgamyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirýär. Bilelikdäki hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary Yslamabat şäherinde Pakistan Respublikasynyň Maglumat tehnologiýalary we telekommunikasiýalar ministrliginiň Halkara utgaşdyryş departamentiniň wekili Muhammet Amir Malikiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçylygynyň arasynda geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldyTürkmenistan bilen Pakistan sanly özgertmeler we telekommunikasiýalar ulgamyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirýär. Bilelikdäki hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary Yslamabat şäherinde Pakistan Respublikasynyň Maglumat tehnologiýalary we telekommunikasiýalar ministrliginiň Halkara utgaşdyryş departamentiniň wekili Muhammet Amir Malikiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçylygynyň arasynda geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy
Çeşme: pakistan.tmembassy.gov.tm

Türkmenistan bilen Pakistan sanly özgertmeler we telekommunikasiýalar ulgamyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirýär. Bilelikdäki hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary Yslamabat şäherinde Pakistan Respublikasynyň Maglumat tehnologiýalary we telekommunikasiýalar ministrliginiň Halkara utgaşdyryş departamentiniň wekili Muhammet Amir Malikiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçylygynyň arasynda geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşikleriň esasy temasy iki ýurduň maglumat tehnologiýalary ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny amaly mazmun bilen baýlaşdyrmakdan ybarat boldy. Pakistan tarapy Türkmenistanyň ykdysadyýeti, döwlet dolandyryş ulgamyny we durmuş ulgamyny giň gerimde sanlylaşdyrmak boýunça strategiýasy bilen jikme-jik tanyşdyryldy. Taraplar maglumat tehnologiýalary infrastrukturasyny, telekommunikasiýalary we elektron hökümeti ösdürmek boýunça tejribe alyşmak, şeýle hem bilelikdäki tehnologik başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Duşuşygyň dowamynda pakistanly hünärmenlere Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçiriljek möhüm halkara taslamalary we jemgyýetçilik-syýasy çäreleri barada hem maglumat berildi. Hususan-da, sentýabr aýynda geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisiniň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetine, şeýle hem 4–6-njy sentýabr aralygynda Niderlandlar Patyşalygynda geçiriljek ahalteke bedewleri boýunça taryhda ilkinji dünýä çempionatyna aýratyn üns berildi.

Gepleşikleriň jemleri boýunça Pakistanyň Maglumat tehnologiýalary ministrliginiň wekili bilen Türkmenistanyň ilçisi iki döwletiň başlangyçlaryny halkara meýdançalarynda özara goldamaga we uzak möhletleýin tehnologik hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda suratkeş Allamyrat Muhammedowyň ýubileý sergisi açylar

Aşgabatda suratkeş Allamyrat Muhammedowyň ýubileý sergisi açylar

00:30 Oktýabr 15, 2026
Türkmenistanyň Azerbaýjana sowgady hökmünde Fizulide gurulýan metjit ýylyň ahyrynda açylyp bilner

Türkmenistanyň Azerbaýjana sowgady hökmünde Fizulide gurulýan metjit ýylyň ahyrynda açylyp bilner

00:25 Oktýabr 15, 2026
Marko Rubio Türkmenistanyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirer

Marko Rubio Türkmenistanyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirer

00:15 Oktýabr 15, 2026