Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda geçiriljek atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionaty halkara derejesinde giň seslenme döretdi


Häzirki zaman atçylyk sungatynyň taryhynda möhüm waka hökmünde eýýäm häsiýetlendirilýän Niderlandlar Patyşalygyndaky çäräniň geçirilmegine takmynan 10 gün galdy. Kronenberg şäherindäki abraýly «Peelbergen» halkara atçylyk-sport merkezi 2026-njy ýylyň 4–6-njy sentýabry aralygynda ahalteke bedewleriniň taryhynda ilkinji gezek şeýle uly göwrümli çempionatyň geçirilýän ýeri hökmünde çykyş eder. Bu ýerde at çapyşygy boýunça baýrakly orunlar ugrunda ýaryşlar, päsgelçiliklerden bökmek boýunça bäsleşikler we «Behişdi bedewleri» atly halkara gözellik bäsleşigi geçiriler.
Çärä barada Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary tarapyndan Ýewropadan we Amerikadan başlap, Koreýa we Hindistana çenli giňden wagyz edilýär. Şeýle hem Kronenberg şäherinde geçiriljek bu möhüm çärä halkara sport we ylmy jemgyýetçiligiň ünsüni çekmek boýunça işler alnyp barylýar.
Çäre Ýewropa, Aziýa, Ýakyn Gündogar we Amerika ýurtlaryndan atşynaslary, alymlary, bilermenleri hem-de ahalteke bedewleriniň muşdaklaryny bir meýdançada jemlär. Çempionatyň esasy guramaçylary hökmünde «Türkmen atlary» döwlet birleşigi çykyş edýär. Çäre Ahalteke atçylygyny ösdürmek boýunça Ýewropa assosiasiýasy bilen hyzmatdaşlykda we Bütinrussiýa atçylyk ylmy-barlag institutynyň gatnaşmagynda geçirilýär. Bu görlüp-eşidilmedik halkara hyzmatdaşlygy dünýäniň iň gadymy arassa ganly at tohumlarynyň biriniň goralyp saklanmagyna we ösdürilmegine gönükdirilen halkara jemgyýetçiliginiň jebisligini alamatlandyrýar.
Üç günüň dowamynda «Peelbergen» toplumy professionallaryň we halk köpçüliginiň üns merkezine öwrüler. Çempionatyň dabaraly açylyşy we saýlama tapgyrlary 4-nji sentýabrda geçiriler. Halkara eminler topary ýaş bedewlere daşky görnüşi, hereketleriniň sazlaşygy we tohum aýratynlyklarynyň arassalygy boýunça baha berer. Sport maksatnamasynyň çäklerinde at çapyşygy boýunça ýaryşlar hem başlanar.
5-nji sentýabr — ýokary derejeli hünär seljermesine we medeni çärelere bagyşlanar. Uly ýaşly atlaryň görkezme çykyşlary geçiriler. Günüň esasy wakasy bolsa tohumyň genetiki arassalygyny we onuň goralmagyny ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanan Ahalteke atçylygy boýunça Halkara assosiasiýanyň açyk maslahaty bolar. 6-njy sentýabrda sport ýaryşlarynyň jemleýji tapgyrlary geçiriler we esasy waka — ahalteke bedewleriniň dünýä çempionatynyň jemleriniň jemlenilmegi hem-de ýeňijileriň yglan edilmegi bolar.
Sport we çykyş etmek maksatnamalary bilen bir hatarda, merkeziň meýdançasynda Türkmenistanyň medeni mirasyna bagyşlanan giň gerimli sergi hem guralar. Myhmanlar özboluşly türkmen halylaryny, şaý-sepleri, at esbaplaryny, şeýle hem «asman bedewlerine» bagyşlanan şekillendiriş sungatynyň eserlerini görüp bilerler.
Ýewropaly tomaşaçylar üçin aýratyn sowgat hökmünde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyş etmegine garaşylýar. Köp sanly halkara sirk festiwallarynda uly meşhurlyga eýe bolan topar Niderlandlarda çapyksuwarlyk sungatynyň inçe usullaryny we türkmen halkynyň at üstündäki däp bolan medeniýetini görkezer.








