Türkmenistanyň Tokiodaky ilçisi Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili bilen duşuşdy


19-njy awgustda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary boýunça täze bellenen ýörite wekili Tomoaki Işigaka bilen iş duşuşygyny geçirdi. Duşuşygyň esasy meseleleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüş depgini we öňde boljak ýokary derejedäki duşuşyklaryň taýýarlyk işleri boldy.
Diplomatlar dostlukly gatnaşyklary ösdürmegiň ýokary depginini belläp, 2025-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa amala aşyran iki saparynyň ähmiýetine ünsi çekdiler. Bu duşuşyklar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlarynyň ösdürilmegine güýçli itergi berdi.
Pikir alyşmalaryň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň esasy ugurlaryna jikme-jik garadylar. Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen ykdysady hyzmatdaşlyk komitetleriniň nobatdaky bilelikdäki mejlisini geçirmek bilen bagly guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berildi. Bu mejlisiň 2026-njy ýylyň dekabrynda Tokioda geçirilmegi meýilleşdirilýär.







