Hindistanyň arassa energiýasy ilkinji gezek gazyp alynýan ýangyçlardan öňe geçdi


Hindistan energetika pudagynda möhüm öwrülişik pursadyna ýetdi: taryhda ilkinji gezek gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň jemi kuwwaty kömür, gaz we nebit bilen işleýän adaty elektrik stansiýalarynyň kuwwatyndan ýokary boldy. Ember we Global Energy Monitor guramalarynyň seljermesine görä, «ýaşyl» energiýanyň gurlan kuwwaty 331,7 GW-a, gazyp alynýan ýangyçlara esaslanýan energiýanyň kuwwaty bolsa 302 GW-a ýetdi.
Bu özgerişiň esasy hereketlendirijisi gün energiýasy boldy. Onuň kuwwaty 2010-njy ýylda bary-ýogy 0,07 GW bolan bolsa, häzirki wagtda 211 GW-a ýetdi. Soňky bir ýylyň dowamynda Hindistanyň bazaryna 75 GW täze gün elektrik stansiýasynyň kuwwaty goşuldy, şol döwürde kömür bilen işleýän elektrik stansiýalarynyň kuwwaty bary-ýogy 3,8 GW artdy.
Kömür heniz hem elektrik energiýasynyň hakyky öndürilişiniň esasy bölegini üpjün edýär, sebäbi kömür elektrik stansiýalary gije-gündiz diýen ýaly üznüksiz işleýär. Şeýle-de bolsa, maýadarlar we döwlet esasy ünsi arassa energiýa gönükdirýärler. Öňümizdäki onýyllykda gün energiýasy ýurtda elektrik energiýasynyň esasy çeşmesine öwrülip biler. Şonuň üçin Hindistan eýýäm energiýa saklaýyş ulgamlaryny işjeň ösdürýär we elektrik torlaryny döwrebaplaşdyrýar.
ORIENT







