HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aragçi ABŞ-nyň täze sanksiýalary barada düşündiriş berdi

Awgust 22, 2026 | 19:00 |672
Çeşme: orient.tm

Eýranyň daşary işler ministri Seýed Abbas Aragçi anna güni sosial ulgamlarda ABŞ-nyň Eýrana haýbat atýan «weýran ediji ykdysady amalynyň» öňki sanksiýalar ýaly şowsuzlyga uçramagynyň gutulgysyzdygyny aýtdy.

Waşington bilen Tähranyň arasyndaky sanksiýa garşylygy eýýäm on ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýär we her täze tapgyr soňky, jemleýji bölüm ýaly eşidilýär. Emma taryh yzygiderli gaýtalanýar: iň ýokary derejeli basyş, weýran ediji çäklendirmeler, boýun egmek baradaky talaplar — bularyň ählisi Eýranyň ykdysadyýetiniň durnuklylygy we ýurduň ýolbaşçylarynyň syýasy erk-islegi bilen garşylaşyp, netijesiz galýar. Häzirki wagtda ABŞ ýene-de «ykdysady D-gün» wada berýän wagtynda, Tähran gorky bilen däl-de, eýsem ýaňsylaýjy äheňde jogap berýär. Bu garşydaşlykda sözler ýarag, öňki şowsuzlyklaryň tejribesi bolsa delil hökmünde çykyş edýär.

«14 ýyl ozal: “Taryhdaky iň weýran ediji sanksiýalar”. Şowsuzlyk. 8 ýyl ozal: “Iň ýokary basyş”. Şowsuzlyk. 5 aý ozal: “Şertsiz boýun egmek”. Şowsuzlyk. Şu gün: “Taryhdaky iň weýran ediji ykdysady amal”. Şowsuzlyga uçramagy gutulgysyz» diýip, Aragçi X platformasynda ýazdy.

Bu beýanatlar ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp çarşenbe güni Eýrana maliýe taýdan goldaw berýän islendik ýurda garşy «taryhdaky iň weýran ediji ykdysady amalyň» geçiriljekdigini yglan edenden soň aýdyldy. «Bu ykdysady uruş we görlüp-eşidilmedik möçberdäki izolýasiýa bolar» diýip, Tramp Truth Social platformasynda ýazyp, bu ädimi «ykdysady D-gün» diýip atlandyrdy.

18-nji iýunda ABŞ bilen Eýran sebitdäki ähli frontlarda, şol sanda Liwanda urşy bes etmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama (MOU) baglaşdylar. Ähtnama laýyklykda, taraplar gutarnykly ylalaşyga gelmek üçin 60 günüň dowamynda gepleşikler geçirmelidiler. Bu möhlet duşenbe güni tamamlandy. Emma geçen aý iki ýurduň arasyndaky konfliktiň ýitileşmeginden soň gepleşikleriň geljekki ykbaly näbelli bolmagynda galýar.

ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gatnaşyklar Waşington 2018-nji ýylda Bilelikdäki hemmetaraplaýyn hereket meýilnamasyndan (BHMH / JCPOA) çykyp, sanksiýalary täzeden girizenden soň has-da ýitileşdi. Aýry-aýry diplomatik öňegidişliklere, şol sanda 2026-njy ýylyň iýun aýynda özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekilmegine garamazdan, taraplar henizem durnukly ylalaşyk formulasyny tapyp bilmediler. Tramp Eýranyň ýadro infrastrukturasynyň doly sökülmelidigini birnäçe gezek aýtdy. Tähran bolsa ähli çäklendirmeleriň aýrylmagyny we özüniň parahatçylykly ýadro energiýasyndan peýdalanmak hukugynyň ykrar edilmegini talap edýär. Eýranyň ykdysadyýeti sanksiýalardan güýçli derejede zyýan çeken hem bolsa, içerki önümçiligi ösdürmek, goňşy ýurtlar bilen söwda etmek we çäklendirmeleri aýlap geçmegiň dürli mehanizmlerini ulanmak arkaly täze şertlere uýgunlaşdy. Bu bolsa ýurduň ýolbaşçylaryna öz durnuklylygyna bolan ynamyny saklamaga mümkinçilik berýär.

CCTV+-nyň habar bermegine görä, Tähranyň ritorikasy Eýranyň basyşyň täze tapgyryna boýun egmek niýetiniň ýokdugyny görkezýär. ABŞ bolsa ykdysady izolýasiýanyň Eýrany eglişik etmäge mejbur etjekdigine garaşýar. Emma tejribäniň görkezişu ýaly, beýle garaşmalar hemişe amala aşmaýar. Ýakyn hepdelerde dünýä «ykdysady D-gününiň» hakykatdan-da güýçli zarba boljakdygyna ýa-da uzak wagtlap dowam edýän garşylygyň nobatdaky tapgyryna öwrüljekdigine syn eder. Bu garşylykda ýeňiş, ahyrsoňunda, kim has uzak wagtlap çydap bilse, şonuň tarapynda bolup biler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistan halkara Kids Expo Chess Cup 2026 ýaryşynda 24 medal gazandy

Türkmenistan halkara Kids Expo Chess Cup 2026 ýaryşynda 24 medal gazandy

23:39 Awgust 22, 2026
Türkmenistan we PETRONAS talyplar üçin maksatnamalary giňeldýärler

Türkmenistan we PETRONAS talyplar üçin maksatnamalary giňeldýärler

23:38 Awgust 22, 2026
Hindistanyň arassa energiýasy ilkinji gezek gazyp alynýan ýangyçlardan öňe geçdi

Hindistanyň arassa energiýasy ilkinji gezek gazyp alynýan ýangyçlardan öňe geçdi

23:35 Awgust 22, 2026