HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanly ýaş artistiň tansy Moskwada geçirilen Halkara çagalar medeni forumyny bezedi

Awgust 22, 2026 | 15:15 |3074
20-nji awgustda Moskwada V Halkara çagalar medeni forumynyň merkezi çäresine öwrülen «Dostluk» gala-konserti geçirildi20-nji awgustda Moskwada V Halkara çagalar medeni forumynyň merkezi çäresine öwrülen «Dostluk» gala-konserti geçirildi
Çeşme: Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasy

20-nji awgustda Moskwada V Halkara çagalar medeni forumynyň merkezi çäresine öwrülen «Dostluk» gala-konserti geçirildi. Konsertde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň okuwçysy Aýşat Rejepowa çykyş etdi.

Forum her ýyl geçirilýär we döredijilik taýdan zehinli çagalaryň özara pikir alyşmagy, öňdebaryjy mugallymlar, ýerine ýetirijiler we jemgyýetçilik işgärleri bilen duşuşmagy üçin özboluşly meýdança bolup durýar. Bu ýerde gatnaşyjylar öz zehinlerini görkezýärler, tejribe alyşýarlar we medeniýeti ösdürmek boýunça pikirlerini paýlaşýarlar. Şu ýylky çärä Russiýadan we daşary ýurtlardan çagalar gatnaşýar.

Юная артистка выступила на гала-концерте в Москве1

Türkmenistanly ýaş artist konsertiň gatnaşyjylarynda aýratyn täsir galdyryp, görnükli türkmen kompozitory Nury Halmämedowyň sazyna «Meniň dutarym» atly tansyny ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.

Öz halkynyň baý medeniýetini çuňňur özleşdiren kompozitor milli däp-dessurlara sazlaşýan eserleri döretdi. Nury Halmämedowyň eserleri türkmen halkynyň özboluşly medeni mirasynyň bir bölegi bolup, Watanymyzyň çäklerinden uzaklarda-da ýaňlanmagyny dowam etdirýär.

Юная артистка выступила на гала-концерте в Москве2

Türkmen tansy gadymy sungat bolup, ol ynsanyň barlygyň syrlaryna we daş-töwerekdäki dünýä bilen sazlaşyga düşünmäge bolan baky ymtylyşyndan döräpdir. Milli öwüşgini, halk saz gurallarynyň gaýtalanmajak owazy we häzirki zaman äheňleri utgaşan tans tomaşaçylar tarapyndan uly ruhubelentlik bilen garşylandy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýewropa Bileleşiginiň «Horizon Europe» maksatnamasynyň çäginde geçirilen okuw maslahaty

Ýewropa Bileleşiginiň «Horizon Europe» maksatnamasynyň çäginde geçirilen okuw maslahaty

20:25 Oktýabr 14, 2026
BMG Ýemendäki ynsanperwer ýagdaýyň has-da ýaramazlaşýandygyny duýdurdy

BMG Ýemendäki ynsanperwer ýagdaýyň has-da ýaramazlaşýandygyny duýdurdy

20:00 Oktýabr 14, 2026
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 5G ulgamy işe girizildi

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 5G ulgamy işe girizildi

19:20 Oktýabr 14, 2026