Çagalar dünýäsiniň «Kids Expo» myhmanlary garşylaýar — uly ýarmarkada myhmanlara nämeler garaşýar


Aşgabat, 19-njy awgust | ORIENT. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde şu günler çagalaryň açyşlarynyň we maşgala dynç alşynyň baýramçylygyna öwrülen giň gerimli çäre geçirilýär. Çarşenbe güni badalga alan « Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy paýtagtyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň dessine ünsüni çekdi. Bu çäre örän öz wagtynda geçirilýär: täze okuw ýylynyň başlanmagyna sanlyja gün galdy. Şonuň üçin Aşgabatdaky müňlerçe ene-ata üçin sergi okuw ýylynyň öňisyrasyndaky aladalary maşgala bilen peýdaly we şatlykly gezelenje öwürýän, iň zerur harytlar bilen tanyşmaga mümkinçilik berýän amatly ýere öwrüldi.

Serginiň ilkinji sagatlaryndan başlap pawilýonlarda janly hereket başlandy. Bu ýerde çagalyk dünýäsi bilen baglanyşykly ähli ugurlarda işleýänler — döwlet edaralaryndan we halkara gaznalaryndan başlap, hususy telekeçilere we daşary ýurt brendlerine çenli — bir ýere jemlendi. Sergidäki diwarlyklaryň dürlüligi aýratyn täsir galdyrýar. Ene-atalar mekdep egin-eşikleriniň, aýakgaplaryň, kanselýariýa harytlarynyň we döwrebap elektron enjamlaryň giň görnüşleri bilen tanyşýan wagty, ýaş myhmanlar oýunlaryň, döredijiligiň we wirtual täzelikleriň interaktiw dünýäsine uly gyzyklanma bilen aralaşýarlar.

Birinji günüň joşgunly ýagdaýy serginiň ähli maksatnamasynyň ýokary depginde geçjekdigini görkezdi. Iň köp üns çeken çäreleriň arasynda «Meneklileri» türkmen multfilminiň görkezilişi we ýaş nesil üçin döredilen «Nowça» atly çagalar sanly platformasynyň tanyşdyrylyşy boldy. Bu platforma ýurdumyzyň çagalar üçin döredilýän mazmunynyň mümkinçiliklerini görkezdi.

Şol bir wagtyň özünde “KIDS EXPO CHESS CUP 2026” küşt ýaryşyna hem badalga berildi. Ýaryş onlarça ýaş strategleri bir ýere jemledi. Şeýle-de mental hasaplamasy boýunça meýdançalar dessine tomaşaçylardan doldy. Olar mekdep okuwçylarynyň hasaplamalary haýran galdyryjy tizlikde ýerine ýetirişine syn etdiler.

Sergä gatnaşyjylaryň arasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy, şeýle hem degişli ministrlikler we pudaklaýyn edaralar bar. Olar bilen bir hatarda halkara hyzmatdaşlar, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF), şeýle hem ABŞ-dan, Germaniýadan, Türkiýeden, Hytaýdan, Ýaponiýadan, Eýrandan, Malaýziýadan we Russiýadan gelen kompaniýalar öz sergi diwarlyklaryny hödürlediler.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan türkmen telekeçileri hem ýerli brendleriň maşgalalaryň iň ýokary talaplaryny kanagatlandyrmaga ukyplydygyny görkezdi. «Galam» we «Arsbuka» kompaniýalarynyň diwarlyklarynda mekdep esbaplaryny saýlamak boýunça gyzgalaňly iş alnyp barylýar. «Aýdyň gijeler» kompaniýasy peýdaly elektron enjamlary bilen tanyşdyrýar. Şeýle hem çagalar üçin iýmit önümlerini, şireleri, dokma önümlerini we ideg serişdelerini öndürijiler ýokary hilli önümlerini hödürleýärler.

Sergi gyzykly hususy başlangyçlary görkezmek üçin hem açyk meýdança boldy. Guramaçylar tehnologik täzelikler bilen bir hatarda okamak medeniýetini hem ösdürýän giňişligi döretmegi başardylar. Bu ýerde kitaplar adaty çap görnüşinde-de, döwrebap elektron görnüşde-de hödürlenýär. Kitap bölümlerinde ýaş myhmanlar tipografiýa boýagynyň ýakymly ysyny ýaýradýan suratlandyrylan neşirleri höwes bilen synlaýarlar we ýurdumyzyň elektron kitap platformalaryny synag edip görýärler.

Şeýle-de bolsa, sergä özboluşly öwüşgin we joşgun berýän esasy zat — interaktiw güýmenjeler. Diwarlyklaryň arasynda dürli keşplerdäki uly gurjaklar aýlanýar, ussat fokusçylar elleriniň çalasyn hereketleri bilen tomaşaçylary täsinlige ynandyrýarlar, animatorlar bolsa çagalary şowhunly oýunlara çekýärler. Dürli ugurlar boýunça geçirilýän tematiki bäsleşikler we testler hem uly gyzyklanma döredýär. Çagalar olara uly höwes bilen gatnaşýarlar. Sebäbi bu ýerde ösüşe gönükdirilen şeýle amatly gurşaw döredilipdir welin, aslynda «ikilik» baha almak mümkin däl — islendik jogap goldaw we ýylgyryş bilen garşylanýar.

Serginiň baý söwda we sergi maksatnamasy bilen bir hatarda işewürlik maksatnamasy hem giň gerime eýe bolýar. Kompaniýalaryň we bilim merkezleriniň wekilleri çagalaryň ösüşi we hünär ugrukdyrmasy boýunça täze taslamalaryň binýadyny döretmek maksady bilen işjeň gepleşikleri geçirýärler.

«Kids Expo» sergisiniň myhmanlaryna öňde ýene üç sany baý mazmunly gün garaşýar. 20-nji awgust, penşenbe güni esasy üns innowasiýalara we amaly başarnyklara gönükdiriler. Myhmanlar robototehnika boýunça taslamalaryň işe girizilişine, «Hünäriňi saýla: geljege tarap 5 ädim» atly hünär ugrukdyryş maslahatlaryna, dogry iýmitlenmek boýunça maglumat maslahatlaryna gatnaşyp bilerler. Şeýle hem küşt ýaryşlary dowam etdiriler.

Üçünji gün — 21-nji awgust, anna güni ene-atalar üçin çagalaryň intellektual ösüşi we terbiýesi boýunça maslahatlaşmak mümkinçiliklerini açar. Mundan başga-da, mental hasaplama boýunça ýaryşlar, täze neşirleriň we IT işläp taýýarlamalarynyň tanyşdyrylyş dabaralary geçiriler.

Jemleýji gün — 22-nji awgust, şenbe güni ýerli dizaýnerleriň çagalar egin-eşikleriniň görkezilişi, täze ussatlyk sapaklary, sport ýaryşlarynyň jemleriniň jemlenmegi we dabaraly aýdym-sazly ýapylyş çäresi bilen myhmanlary begendirer.

«Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» sergi-ýarmarkasy paýtagtda peýdaly söwda we maşgalalar üçin gyzykly dynç alyş babatda esasy meýdança öwrüldi. Şeýle hem ol halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täsirli itergi bolup, daşary ýurt kompaniýalary üçin depginli ösýän türkmen bazaryna çykmaga, ýurdumyzyň öndürijileri üçin bolsa daşary ýurt bazarlaryna çykmak üçin täze mümkinçilikleri açýar.









