Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy


16–26-njy awgust aralygynda Hindistanyň Mumbaý şäherinde 20 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda küşt boýunça Aziýa çempionaty geçirilýär. Oňa 10 ýurtdan 157 türgen gatnaşýar. Türkmenistanyň küştçisi Lala Şöhradowa rapid boýunça ýaryşda altyn medal gazanyp, yklymyň iň güýçli 60 garşydaşyndan üstün çykdy.

Rapid ýaryşy 7 tapgyrdan ybarat boldy. Ýaryşyň netijeleri boýunça Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Lala Şöhradowa mümkin bolan 7 utukdan 6 utuk toplady. Hindistanyň wekili Pratiti Bordoloi hem 6 utuk gazandy. Emma goşmaça görkezijileriň has gowy bolmagy netijesinde iň ýokary baýrak we çempionlyk ady Türkmenistanyň türgenine berildi. Bürünç medaly Hindistanyň ýene bir küştçisi Prişita Gupta 5 utuk bilen eýeledi.
Altyn medala barýan ýol örän çekeleşikli boldy. Üçünji tapgyrda milli ýygyndynyň beýleki agzasy WFM Jahan Rejepowadan ýeňlenden soň, Lala özüni ele alyp, galan ähli duşuşyklarynda ýeňiş gazandy. Altynjy we ýedinji tapgyrlardaky möhüm duşuşyklarda takyk hasaplama we sabyrlylyk oňa ýaryşyň gidişini öz peýdasyna öwürmäge kömek etdi.

Bu Şöhradowanyň häzirki çempionatdaky eýýäm ikinji medaly boldy. Ýaryşyň ilkinji güni — 17-nji awgustda ol blits boýunça ýaryşda kümüş medal gazanypdy. Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy hem ýaryşa ynamly başlady. Jahan Rejepowa, Mähri Agamyradowa we Leýla Şöhradowadan düzülen toparyň arasynda rapid ýaryşynyň ilkinji dört tapgyryndan soň Jahan Rejepowa ýekeje-de ýeňlişsiz ilkinji altylygyň düzümine girýärdi.

Ýaryş FIDE-niň, Aziýa Küşt federasiýasynyň we Bütin Hindistan Küşt federasiýasynyň howandarlygynda geçirilýär. Taryhy taýdan bu ýaryş Wişwanatan Anand we Koneru Hampi ýaly dünýä küşt sportunyň meşhur wekilleriniň atlaryny açan bäsleşikleriň biri hökmünde tanalýar. 20-nji awgustda Mumbaýda esasy tapgyr — 9 tapgyrdan ybarat nusgawy küşt ýaryşy başlandy. Ýaryşyň ýeňijileri FIDE-niň halkara derejelerini we zenanlar arasynda halkara grossmeýster (WGM) derejesine degişli utuklary almak üçin göni mümkinçilik gazanarlar.
ORIENT





