Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy


Şu gün, 19-njy awgustda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde 8, 10 we 12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda geçirilýän halkara küşt ýaryşy — Kids Expo Chess Cup 2026 badalga aldy.
Ýaryşa Azerbaýjandan, Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan, Türkiýeden we Özbegistandan jemi 96 ýaş türgen gatnaşýar.

Ýaryş FIDE-niň düzgünleri esasynda rapid we blits görnüşlerinde geçirilýär. Ýaryşa ýer eýesi Türkmenistan 81 gatnaşyjy bilen, daşary ýurtlaryň küşt federasiýalary bolsa 15 güýçli türgen bilen gatnaşýar. Bäsleşigiň dartgynly geçmegine garaşylýar: alty toparçanyň dördüsinde ilkinji orny daşary ýurtly türgenler eýeleýär.
Ýaryşyň baş ýyldyzy Eýrandan 12 ýaşly Sadra Roşantab bolup, onuň reýtingi 2248-e deňdir. Beýleki toparçalarda hem Gazagystanyň we Özbegistanyň küştçileri öňdeligi eýeleýärler.

Türkmenistan gyzlar toparynda däp bolşy ýaly güýçli çykyş edýär. Ýaryşa gatnaşýan gyzlaryň arasynda iň ýokary reýting Aýa Baýramowa (U12, reýtingi 1826) degişlidir. 8 ýaşa çenli toparda bolsa sanawyň başynda Bahar Jumaýewa dur.
Ýaryş çagalar üçin geçirilýän «Kids Expo» sergisiniň esasy çäreleriniň birine öwrüldi. Ýaş gatnaşyjylar we myhmanlar üçin grossmeýsterler bilen bir wagtda küşt oýnamak seanslary, bäsleşikler, ussatlyk sapaklary we äpet pol küşti ýaly interaktiw çäreler taýýarlanyldy. Ýaryşyň jemleri we ýeňijileri sylaglamak dabarasy 20-nji awgustda geçiriler.

ORIENT





