HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan bilen Katar media we telewideniýe ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeldýär

Awgust 19, 2026 | 18:02 |2231
18-nji awgustda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Kataryň Media korporasiýasynyň ýerine ýetiriji direktory Halid bin Abdulaziz bin Jassim Al-Tani bilen duşuşdy18-nji awgustda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Kataryň Media korporasiýasynyň ýerine ýetiriji direktory Halid bin Abdulaziz bin Jassim Al-Tani bilen duşuşdy
Çeşme: Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçihanasy

18-nji awgustda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Kataryň Media korporasiýasynyň ýerine ýetiriji direktory Halid bin Abdulaziz bin Jassim Al-Tani bilen duşuşdy. Taraplar iki ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda diplomat Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, milli mirasyň goralmagy we ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan halkara çäreler barada maglumat berdi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmegine aýratyn üns berildi.

Gepleşikleriň esasy temasy amaly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boldy. Taraplaryň wekilleri Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Kataryň Media korporasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar hünär tejribesini alyşmagyň, wekiliýetleriň özara saparlaryny guramagyň we halkara media forumlaryna bilelikde gatnaşmagyň möhümdigini nygtadylar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Maryda, Balkanabatda we Türkmenbaşyda nebitgaz pudagynyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlary gurlar

Maryda, Balkanabatda we Türkmenbaşyda nebitgaz pudagynyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlary gurlar

07:02 Sentýabr 19, 2026
Türkmenistan BIEG we ÝPG bilen hyzmatdaşlykda intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürýär

Türkmenistan BIEG we ÝPG bilen hyzmatdaşlykda intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürýär

06:32 Sentýabr 19, 2026
«Tejenkarbamid» zawody dökünleriň önümçiligini artdyrar

«Tejenkarbamid» zawody dökünleriň önümçiligini artdyrar

06:30 Sentýabr 19, 2026