Türkmenistan bilen Katar media we telewideniýe ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeldýär


18-nji awgustda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Kataryň Media korporasiýasynyň ýerine ýetiriji direktory Halid bin Abdulaziz bin Jassim Al-Tani bilen duşuşdy. Taraplar iki ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda diplomat Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, milli mirasyň goralmagy we ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan halkara çäreler barada maglumat berdi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmegine aýratyn üns berildi.
Gepleşikleriň esasy temasy amaly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boldy. Taraplaryň wekilleri Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Kataryň Media korporasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar hünär tejribesini alyşmagyň, wekiliýetleriň özara saparlaryny guramagyň we halkara media forumlaryna bilelikde gatnaşmagyň möhümdigini nygtadylar.
ORIENT






