HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Kristiano Ronaldo bilen Jorjina Rodrigesiň nikalaşmagy barada täze jikme-jik maglumatlar belli boldy

Awgust 19, 2026 | 17:41 |2391
Kristiano Ronaldo bilen Jorjina Rodrigesiň nikasynyň hasaba alnyşy barada täze maglumatlar peýda boldy. Portugaliýanyň “Jornal de Notícias” gazetiniň tanyş bolan resminamasyna görä, raýatlyk nikalaşma dabarasy 11-nji awgustda jübütiň Kaşkaiş şäherindäki öýünde geçirildiKristiano Ronaldo bilen Jorjina Rodrigesiň nikasynyň hasaba alnyşy barada täze maglumatlar peýda boldy. Portugaliýanyň “Jornal de Notícias” gazetiniň tanyş bolan resminamasyna görä, raýatlyk nikalaşma dabarasy 11-nji awgustda jübütiň Kaşkaiş şäherindäki öýünde geçirildi
Çeşme: prospect.com

Kristiano Ronaldo bilen Jorjina Rodrigesiň nikasynyň hasaba alnyşy barada täze maglumatlar peýda boldy. Portugaliýanyň “Jornal de Notícias” gazetiniň tanyş bolan resminamasyna görä, raýatlyk nikalaşma dabarasy 11-nji awgustda jübütiň Kaşkaiş şäherindäki öýünde geçirildi.

Nika 13:30-da resmi taýdan hasaba alyndy. Jübütiň bäş çagasyndan başga-da, dabara dört şaýat gatnaşdy. Şaýatlar Ronalduň Lissabondaky «Sporting» klubynyň akademiýasynda ýaşlyk ýyllaryndan bäri dosty bolan Migel Paýşan, Jorjinanyň aýal dogany Iwana Rodriges, şeýle hem ispaniýaly zergär Hose Rodriges Sanhil we onuň aýaly Monika Gonsales Martines boldy.

Dabarany Porto şäherinden ýörite gelen hasaba alyş gullugynyň işgäri Mariýa Manuel Folhadela de Oliweýra geçirdi. Resminamada futbolçynyň ejesi Dolores Aweýru we onuň aýal doganlary Elma hem-de Katiýa Aweýru dabarada bolan adamlaryň arasynda görkezilmeýär.

Täze maglumatlaryň esasy bölekleriniň biri är-aýalyň emlägi aýry saklamak düzgünini saýlamagydyr. Bu düzgüne laýyklykda, är-aýalyň her biriniň emlägi nikalaşma şertnamasynda we Portugaliýanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde aýratynlykda saklanýar. Şeýle düzgün Portugaliýada nikalaşýanlar üçin adaty hasaplanmaýar we onuň üçin öňünden degişli ylalaşyk baglaşmak zerurdyr.

Resminamalara görä, Ronaldo bilen Rodriges 10-njy awgustda, ýagny nikanyň hasaba alnan gününden bir gün öň, Lissabondaky notarial edaralaryň birinde nikalaşma şertnamasyna gol çekipdirler.

Nikanyň hasaba alnyşy baradaky ýazgyda Ronaldo hem, Rodriges hem nikadan soň familiýasyny üýtgetmändigi görkezilýär.

Är-aýalyň hemişelik ýaşaýan ýeri hökmünde henizem Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýad görkezilýär. Ronaldo şol ýerde «Al-Nasr» klubynyň düzüminde çykyş edýär.

Jübüt 2016-njy ýyldan bäri gatnaşykda. Ronaldo bilen Rodriges 2025-nji ýylyň awgustynda adaglanandyklary yglan edipdiler.

Nikanyň hasaba alynmagy futbolçynyň dogduk ýeri bolan Madeýra adasynda geçirilip bilinjekdigi baradaky çaklamalara garamazdan, Kaşkaiş şäherinde amala aşyryldy.

Dabaradan birnäçe gün öň ýüzlerçe adam Funşalyň kafedral ybadathanasynyň öňünde ýygnanyp, Ronaldo bilen Rodrigesiň şol ýerde nikalaşmagyna şaýat bolmak isleýärdi. Emma olaryň garaşmalary amala aşmady.

Jübüt köpçülikleýin dabaranyň ýerine Portugaliýada ýakynlary we maşgala agzalary bilen çäklenen, hususy raýatlyk nikalaşma dabarasyny geçirmegi saýlapdyr.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Maryda, Balkanabatda we Türkmenbaşyda nebitgaz pudagynyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlary gurlar

Maryda, Balkanabatda we Türkmenbaşyda nebitgaz pudagynyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlary gurlar

07:02 Sentýabr 19, 2026
Türkmenistan BIEG we ÝPG bilen hyzmatdaşlykda intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürýär

Türkmenistan BIEG we ÝPG bilen hyzmatdaşlykda intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürýär

06:32 Sentýabr 19, 2026
«Tejenkarbamid» zawody dökünleriň önümçiligini artdyrar

«Tejenkarbamid» zawody dökünleriň önümçiligini artdyrar

06:30 Sentýabr 19, 2026