HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“JP Morgan” El-Nino we deňiz gatnawlaryndaky bökdençlikler sebäpli ählumumy azyk krizisiniň töwekgelçiligi barada duýdurýar

Awgust 18, 2026 | 21:00 |1217
Çeşme: orient.tm

“JP Morgan”-yň uly ykdysadyýetçisi Ormuz bogazyndaky deňiz gatnawlarynyň bökdençlikleriniň we taryhda bolmadyk derejede güýçli bolup biljek super-El-Nino hadysasynyň bilelikdäki täsiriniň dünýäde azyk önümçiligine çynlakaý zarba urup biljekdigini we munuň ählumumy azyk krizisiniň töwekgelçiligini ýokarlandyrjakdygyny duýdurdy.

Azyk howpsuzlygy indi diňe oba hojalygynyň meselesi bolmakdan çykdy — häzirki wagtda ol ählumumy durnuklylygyň esasy görkezijileriniň biridir. Howada adatdan daşary ýagdaýlar möhüm logistika merkezlerine täsir edip, azyk önümleriniň bahalary geosyýasy dartgynlylyk bilen bir wagtda ýokarlanyp başlanda, milliardlarça adamyň durmuşyna howp abanýar. Dünýäniň öňdebaryjy maliýe institutlarynyň birinden nobatdaky alada dörediji duýduryş gelip gowuşdy.

«Azyk howpsuzlygy — milli howpsuzlykdyr: güýçlenýän tupan» atly hasabatda Londondaky “JP Morgan”-yň uly ählumumy ykdysadyýetçisi Nora Sentiwani bu faktorlaryň utgaşmagynyň oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň peselmegine, oba hojalyk işleriniň çäklendirilmegine we 2027-nji ýylyň birinji ýarymynda azyk inflýasiýasynyň ýokary derejede saklanmagyna getirip biljekdigini aýtdy. Onuň bellemegine görä, häzirki wagtda energiýa üpjünçiligindäki ählumumy sarsgyn super-El-Nino hadysasynyň inflýasiýa täsirini has-da güýçlendirip biler.

Hasabatda bellenilişine görä, ählumumy azyk inflýasiýasynyň 2026-njy ýylyň birinji ýarymyndaky 2,8 göterimden 2027-nji ýylyň birinji ýarymynda 5 göterime çenli ýokarlanmagyna garaşylýar. Bu bolsa umumy inflýasiýanyň 0,6 göterim derejesinde ýokarlanmagyna sebäp bolup biler. Hasabatyň maglumatlaryna görä, bu täsir dürli ýurtlarda birmeňzeş bolmaz. Esasan Aziýanyň, Afrikanyň we Latyn Amerikasynyň käbir sebitlerindäki ösýän ykdysadyýetler has köp zyýan çekip biler. Sebäbi bu ýurtlarda oba hojalygy howa şertleriniň üýtgemelerine has duýgur, öý hojalyklarynyň çykdajylarynda bolsa azyk önümleriniň paýy has ýokarydyr.

Hasabatda eýýäm azyk ýetmezçiliginden ejir çekýän ilatyň gowşak gatlaklaryna has köp kömek berilmegine çagyryş edilýär. Onda geçen ýyl dünýäde takmynan 645 million adamyň açlyk çekendigi, takmynan 2,1 milliard adamyň bolsa orta ýa-da agyr derejede azyk ýetmezçiligini başdan geçirendigi aýdylýar. Bu dünýä ilatynyň takmynan 25,8 göterimine deňdir.

Beýleki iri maliýe we seljeriş edaralary hem alada bildirýärler. “Goldman Sachs we HSBC”-niň barlag toparlary azyk inflýasiýasy bilen baglanyşykly ählumumy töwekgelçilikleriň artýandygyny görkezdi. Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) ýaňy-ýakynda çap eden hasabatynda bolsa iýul aýynda dünýä azyk bahalarynyň indeksiniň aýlyk hasapda 2023-nji ýylyň ýanwaryndan bäri iň ýokary depgin bilen ýokarlanandygy bellenildi.

“CCTV+”-niň habar bermegine görä, “JP Morgan”-yň bu duýduryşy azyk bahalarynyň eýýäm ýokarlanýan we garyp ýurtlaryň ýagdaýynyň has-da gowşaklaşýan döwrüne gabat gelýär. Öňümizdäki aýlarda halkara jemgyýetçiligi diňe bir howa şertlerine we möhüm deňiz bogazlaryndaky ýagdaýlara gözegçilik etmek bilen çäklenmän, azyk kömeginiň möçberini hem artdyrmaly bolar. Şeýle edilmese, 2027-nji ýylda ýüze çykyp biljek töwekgelçilikler 2008-nji ýyldaky krizise meňzeş uly durmuş sarsgynlaryna getirip biler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

23:30 Awgust 18, 2026
Turkish Airlines Stambul bilen Minsk arasyndaky gatnawlary täzeden başlar

Turkish Airlines Stambul bilen Minsk arasyndaky gatnawlary täzeden başlar

23:25 Awgust 18, 2026
GGGI guramasynyň goldawy bilen Türkmenistan täze ýaşyl maýa goýumlaryny çekip biler

GGGI guramasynyň goldawy bilen Türkmenistan täze ýaşyl maýa goýumlaryny çekip biler

23:10 Awgust 18, 2026