HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

KDR-da Ebola wirusynyň ýaýramagy ýurduň taryhyndaky iň köp pida bilen tamamlanan epidemiýa öwrüldi

Awgust 18, 2026 | 18:00 |337
Çeşme: orient.tm

Kongo Demokratik Respublikasyny gurşap alan Ebola gyzdyrmasynyň epidemiýasy ýurduň taryhyndaky iň köp pida bilen tamamlanan epidemiýa, dünýäde bolsa göwrümi boýunça ikinji uly epidemiýa öwrüldi. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) epidemiýanyň häzirki depginlerde dowam etmegi ýagdaýynda onuň ahyrky netijede Günbatar Afrikada 2014–2016-njy ýyllarda bolan we uly weýrançylyklara getiren epidemiýadan hem geçip biljekdigini duýdurýar.

Heläk ediji wirusyň öňünde adamzat öz gazananlarynyň näderejede gowşakdygyna ýene bir gezek düşünýär. Ebola bize tebigatyň serhetleri bilmeýändigini we epidemiýa garşy göreşiň diňe lukmançylyk bilimlerini däl, eýsem ählumumy raýdaşlygy, çalt çözgütleri hem-de ylma bolan ynamy talap edýändigini ýatladýar. Her bir täze epidemiýa saglygy goraýyş ulgamlary üçin synaga öwrülýär we müňlerçe adamyň jany howp astynda wagty bilelikde hereket etmäge taýýarlygymyzy barlaýar.

Ýekşenbe güni agşam ýurduň saglygy goraýyş edaralary tarapyndan çap edilen soňky maglumatlara görä, häzirki epidemiýanyň başlanmagyndan bäri KDR-de keseliň 4945 sany tassyklanan ýagdaýy, şol sanda 2 325 ölüm hasaba alyndy. Ölüm derejesi 47,0 göterim bolup, 1040 adam sagaldy. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatlaryna görä, 2018–2020-nji ýyllarda KDR-niň gündogar böleginde bolan epidemiýanyň dowamynda 3481 kesel ýagdaýy, şol sanda 3323 tassyklanan ýagdaý, şeýle hem 2299 ölüm we 1162 sagalan adam hasaba alnypdy. Şol wagta çenli bu ýurduň taryhyndaky iň köp pida bilen tamamlanan Ebola epidemiýasydy.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus 12-nji awgustda epidemiýanyň ýurtdaky öňki Ebola epidemiýalarynyň ählisinden has çalt ýaýraýandygyny we häzirki depginde dowam etse, Günbatar Afrikada 2014–2016-njy ýyllarda bolan Ebola epidemiýasyndan hem geçip biljekdigini duýdurdy. 2014–2016-njy ýyllarda Günbatar Afrikada bolan Ebola epidemiýasy şol wagta çenli hasaba alnan iň uly epidemiýa bolup, 28600-den gowrak adama ýokaşdy we esasan Gwineýada, Liberiýada hem-de Sierra-Leonda 11000-den gowrak adamyň pida bolmagyna sebäp boldy.

Häzirki wagtda alty welaýatdaky —Ituri, Demirgazyk Kiwuwu, Ýokarky Uele, Çopo, Günorta Kiwuwu we Aşaky Uele welaýatlaryndaky 55 lukmançylyk zolagynda kesel ýagdaýlary ýüze çykaryldy. Ituri welaýatynda epidemiýanyň merkezi bolmagynda galýar. Ýurtdaky ähli tassyklanan ýagdaýlaryň 4194-si ýagny takmynan 85 göterimi, şu welaýata düşýär. Bu ýerde 1838 ölüm hasaba alyndy. Ebola Bundibugýo wirusy tarapyndan döredilen bu epidemiýa, wirusyň 1976-njy ýylda KDR-de ilkinji gezek ýüze çykarylmagyndan bäri ýurtda hasaba alnan 17-nji Ebola epidemiýasydyr.

“CCTV+”-niň habar bermegine görä, KDR-däki häzirki krizis ejiz sebitlerde jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamlaryny güýçlendirmegiň, şeýle hem sanjymlaryň we bejeriş usullarynyň işlenip taýýarlanylmagyny çaltlandyrmagyň zerurdygyny görkezýär. Halkara jemgyýetçiligi serişdeleri herekete getirmegi dowam etdirýär, emma halas edijileriň garşysyna wagt işleýär — her bir gijikdirilen gün ýüzlerçe adamyň janyna düşüp biler. Dünýä ýene-de şeýle bir çagyryş bilen ýüzbe-ýüz bolýar, oňa bolsa diňe ähli ýurtlaryň birleşen erk-islegi bilen jogap berip biler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

23:30 Awgust 18, 2026
Turkish Airlines Stambul bilen Minsk arasyndaky gatnawlary täzeden başlar

Turkish Airlines Stambul bilen Minsk arasyndaky gatnawlary täzeden başlar

23:25 Awgust 18, 2026
GGGI guramasynyň goldawy bilen Türkmenistan täze ýaşyl maýa goýumlaryny çekip biler

GGGI guramasynyň goldawy bilen Türkmenistan täze ýaşyl maýa goýumlaryny çekip biler

23:10 Awgust 18, 2026