Turkish Airlines Stambul bilen Minsk arasyndaky gatnawlary täzeden başlar


Turkish Airlines awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň 20-nji sentýabryndan Stambul — Minsk — Stambul ugry boýunça gatnawlaryny täzeden başlar. Yglan edilen uçuş tertibine laýyklykda, iki şäheriň arasynda hepdede ýedi gatnaw ýerine ýetiriler.
Bu ugurda Stambulyň howa menzilini (IST) Minsk Milli howa menzili (MSQ) bilen birleşdirýän TK283 we TK284 belgili gatnawlar ulanylar.
Uçuş tertibine görä, TK283 belgili Stambuldan Minska uçuş ýerli wagt bilen sagat 06:45-de ugrap, 10:20-de Minska barar. TK284 belgili yzyna uçuş bolsa Minskden 11:15-de ugrap, Stambula 14:50-de ýeter.
Mundan başga-da, tertipde Stambuldan Minska agşamky TK285 belgili uçuş göz öňünde tutulýar. Ol 21:05-de ugrap, ertesi gün 00:45-de Minska geler. TK286 belgili yzyna uçuş Minskden 01:40-da ugrap, Stambula 05:20-de ýeter.
Tertipde görkezilen wagtyň ählisi ýerli wagt boýunça berilýär.







