HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Stambula gatnawlaryň ýygylygyny artdyrar

Awgust 18, 2026 | 23:05 |1389
«Türkmenistan» awiakompaniýasy 25-nji oktýabrdan Aşgabat — Stambul ugry boýunça gatnawlaryň sanyny hepdede 12-den 13-e çenli artdyrar«Türkmenistan» awiakompaniýasy 25-nji oktýabrdan Aşgabat — Stambul ugry boýunça gatnawlaryň sanyny hepdede 12-den 13-e çenli artdyrar
Çeşme: turkmenistanairlines.tm

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 25-nji oktýabrdan Aşgabat — Stambul ugry boýunça gatnawlaryň sanyny hepdede 12-den 13-e çenli artdyrar. Awiakompaniýanyň resmi saýtynda ýerleşdirilen maglumatlara görä, tertibe çarşenbe güni goşmaça gatnaw giriziler.

Häzirki wagtda «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat bilen Stambulyň arasynda hepdede alty gün — duşenbe, sişenbe, penşenbe, anna, şenbe we ýekşenbe günleri gatnawlary amala aşyrýar. Bu günleriň köpüsinde iki gatnaw göz öňünde tutulýar. Üýtgeşmeler girizilenden soň, bu ugur boýunça howa gatnawy her gün amala aşyrylar.

Şol bir wagtda 25-nji oktýabrdan käbir gatnawlaryň uçuş wagty hem üýtgediler. Hususan-da, T5-921 gatnawy Aşgabatdan öňki 18:20-niň ýerine 19:10-da, T5-901 gatnawy bolsa 05:50-niň ýerine 07:30-da ugraýar. Anna güni irden amala aşyrylýan gatnawyň wagty hem has irki wagta — 04:35-den 03:40-a geçirildi.

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Aşgabatdan Delä, Pekine, Bangkoga, Hoşimine, Kuala-Lumpura, Seula, Londona, Frankfurta, Milana we Kazana göni gatnawlary hem amala aşyrýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

23:30 Awgust 18, 2026
Turkish Airlines Stambul bilen Minsk arasyndaky gatnawlary täzeden başlar

Turkish Airlines Stambul bilen Minsk arasyndaky gatnawlary täzeden başlar

23:25 Awgust 18, 2026
GGGI guramasynyň goldawy bilen Türkmenistan täze ýaşyl maýa goýumlaryny çekip biler

GGGI guramasynyň goldawy bilen Türkmenistan täze ýaşyl maýa goýumlaryny çekip biler

23:10 Awgust 18, 2026