«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Stambula gatnawlaryň ýygylygyny artdyrar


«Türkmenistan» awiakompaniýasy 25-nji oktýabrdan Aşgabat — Stambul ugry boýunça gatnawlaryň sanyny hepdede 12-den 13-e çenli artdyrar. Awiakompaniýanyň resmi saýtynda ýerleşdirilen maglumatlara görä, tertibe çarşenbe güni goşmaça gatnaw giriziler.
Häzirki wagtda «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat bilen Stambulyň arasynda hepdede alty gün — duşenbe, sişenbe, penşenbe, anna, şenbe we ýekşenbe günleri gatnawlary amala aşyrýar. Bu günleriň köpüsinde iki gatnaw göz öňünde tutulýar. Üýtgeşmeler girizilenden soň, bu ugur boýunça howa gatnawy her gün amala aşyrylar.
Şol bir wagtda 25-nji oktýabrdan käbir gatnawlaryň uçuş wagty hem üýtgediler. Hususan-da, T5-921 gatnawy Aşgabatdan öňki 18:20-niň ýerine 19:10-da, T5-901 gatnawy bolsa 05:50-niň ýerine 07:30-da ugraýar. Anna güni irden amala aşyrylýan gatnawyň wagty hem has irki wagta — 04:35-den 03:40-a geçirildi.
«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Aşgabatdan Delä, Pekine, Bangkoga, Hoşimine, Kuala-Lumpura, Seula, Londona, Frankfurta, Milana we Kazana göni gatnawlary hem amala aşyrýar.








