HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Germaniýadaky gurakçylyk hasylyň azalmagyna howp salýar

Awgust 17, 2026 | 16:30 |169
Çeşme: orient.tm

Ýewropanyň öňdebaryjy oba hojalyk döwletleriniň biri bolan Germaniýa çynlakaý kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz boldy. Ýurtda uzak wagtlap dowam edýän yssy howa we gurakçylyk diňe bir bugdaýyň we rapsyň hasylyna däl, eýsem tutuş maldarçylyk pudagyna hem howp salýar. Günorta sebitleriň daýhanlary eýýäm hasylyň doly ýitirilmegi howpunyň bardygyny aýdýarlar. Bu bolsa azyk önümleriniň bahalarynyň ýokarlanmagyna getirip biler.

Her bir däne we her litr süýt üçin alnyp barylýan bu göreşde tebigatyň üstün çykýan ýaly görünýär. Anna güni Germaniýanyň Daýhanlar birleşigi uzak wagtlap dowam edýän ýokary temperaturanyň we gurakçylygyň şu ýyl Germaniýanyň oba hojalyk önümçiliginiň ep-esli azalmagyna getirip biljekdigini mälim etdi. Şunda hem hasyllylyk, hem-de maldarçylyk barha artýan basyş bilen ýüzbe-ýüz bolar.

Germaniýanyň Daýhanlar birleşiginiň prezidenti Ýoahim Rukwid şu ýyl bugdaýyň we rapsyň önümçiliginiň ortaça görkezijiden pes bolmagyna garaşylýandygyny, mekgejöwen we soýa ýaly güýzki ekinleriň hem ep-esli ýitgi çekjekdigini aýtdy.

Onuň bellemegine görä, ýagdaý Germaniýanyň günortasynda has-da ýiti. Bu sebitleriň käbir ýerlerinde daýhanlar hasylyň düýbünden bolmazlygy howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Rukwidiň aýtmagyna görä, ýokary temperatura we gurakçylyk eýýäm mallar üçin ot-iým ekinleriniň hasyllylygynyň düýpli peselmegine sebäp boldy. Bu ýagdaý öz gezeginde maldarçylyk pudagyna hem täsir edýär.

Germaniýa soňky birnäçe onýyllygyň dowamynda iň gurak möwsümleriniň birini başdan geçirýär. Germaniýanyň Meteorologiýa gullugynyň maglumatlaryna görä, maý aýyndan awgust aýyna çenli ýurduň köp sebitlerinde ýagýan ygalyň mukdary ortaça ýyllyk görkezijiniň 60 göteriminden hem az boldy.

Esasan hem ýurduň günortasy agyr täsir galdyrdy. Bu ýerde ot-iýmiň ýetmezçiligi sebäpli daýhanlar mallary wagtyndan öň soýmaga başladylar. Bilermenler hasylyň azalmagynyň dänäniň, etiň we süýt önümleriniň bahalarynyň ýokarlanmagyna getirip, sarp edijiler üçin inflýasiýa basyşyny has-da güýçlendirip biljekdigini duýdurýarlar. Germaniýanyň Hökümeti häzirlikçe giň gerimli öwezini doluş çärelerini yglan etmedi. Emma daýhanlar birleşikleri gyssagly maliýe kömegini bermegi we oba hojalygyndaky töwekgelçilikleri ätiýaçlandyrmak ulgamyna täzeden seretmegi talap edýärler.

Klimatologlar häzirki gurakçylygy ählumumy maýlama bilen baglanyşdyrýarlar we geljekde şeýle aşa howa hadysalarynyň ýygy-ýygydan gaýtalanjakdygyny çaklaýarlar. Bu ýagdaý Ýewropanyň oba hojalygynyň durnuklylygy baradaky meseläni has-da ýitileşdirýär.

"CCTV+"-niň habar bermegine görä, Germaniýadaky gurak tomus Ýewropany gurşap alan howa şertleriniň zynjyryndaky ýene bir halka öwrüldi. Indi oba hojalyk öndürijilerine diňe bir hasyly halas etmek bilen çäklenmän, eýsem täze howa şertlerinde hojalygy alyp barmagyň strategiýalaryna hem täzeden seretmeli bolar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kim Çen Yn bilen Wladimir Putin hyzmatdaşlyk barada hat alyşdylar

Kim Çen Yn bilen Wladimir Putin hyzmatdaşlyk barada hat alyşdylar

20:40 Awgust 17, 2026
Fransiýanyň Konstitusion Geňeşi çagalaryň sosial ulgamlara girmegini gadagan edýän kanuny ýatyrdy

Fransiýanyň Konstitusion Geňeşi çagalaryň sosial ulgamlara girmegini gadagan edýän kanuny ýatyrdy

19:00 Awgust 17, 2026
Germaniýadaky gurakçylyk hasylyň azalmagyna howp salýar

Germaniýadaky gurakçylyk hasylyň azalmagyna howp salýar

16:30 Awgust 17, 2026