Aşgabatda mekdep üçin zerur zatlaryň hemmesini nireden satyn almaly: «Atlas» kanselýariýa harytlaryna onlaýn sargyt hyzmatyny işe girizdi


Aşgabatda «Atlas» kanselýariýa harytlarynyň onlaýn dükany işläp başlady. Ol okuw we iş üçin zerur harytlary saýlap, öýe eltip bermek hyzmaty bilen sargyt etmäge mümkinçilik berýär. Bu hyzmat, aýratyn-da, çagalary täze okuw ýylyna taýýarlamak döwründe, ene-atalaryň köp sanly okuw esbaplaryny satyn alýan günlerinde örän amatlydyr.
Birnäçe dükana baryp, zerur harytlary gözlemegiň ýerine, alyjylar atlas.com.tm saýty arkaly onlaýn sargyt berip bilerler. Harytlary ady, brendi ýa-da kategoriýasy boýunça gözlemek, saýlanan önümleri sebetde jemlemek we sargydy resmileşdirmek mümkin.

Hyzmatyň aýratynlyklarynyň biri — sargydyň ýagdaýyny şahsy hasap arkaly yzarlamak mümkinçiligi. Ulanyjy sargydyň kabul edilendigini, toplanylýandygyny ýa-da eýýäm kurýere berlendigini görüp bilýär.
Eltip bermek üçin birnäçe görnüş göz öňünde tutulandyr. Adaty eltip berme 1–3 iş gününiň dowamynda amala aşyrylýar, käbir etraplarda bolsa sargyt berlen günüň özünde eltip bermek hyzmaty elýeterlidir. Eltip bermegiň möhleti we bahasy sargyt resmileşdirilende görkezilen salgynyň esasynda hasaplanýar. Şeýle hem harydy almak üçin amatly wagt aralygyny saýlamak we eltip bermegiň ýagdaýy barada SMS habarnamalaryny almak mümkin.
Satyn alyjylar üçin bellenilen şertler berjaý edilen ýagdaýynda harydy 14 günüň dowamynda yzyna gaýtarmak ýa-da çalyşmak mümkinçiligi hem göz öňünde tutulandyr. Degişli ýüz tutmany şahsy hasap arkaly berip, sargyt barada zerur maglumatlary görkezmek bolýar.
Goşmaça maglumat üçin iş günleri sagat 09:00-dan 18:00-a çenli +993 12 422269 we +993 61 507699 telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz. Şeýle hem onlaýn dükan bilen atlas.tmstationery@gmail.com elektron poçtasy arkaly habarlaşmak bolýar.
Onlaýn sargytlar atlas.com.tm saýty arkaly kabul edilýär. «Atlas» täzelikler we beýleki teklipler barada resmi TikTok hasaby @atlas.tm_stationery arkaly hem habar berýär.






