HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda Hindistanyň garaşsyzlygynyň 80 ýyllygy dabaraly bellenildi

Awgust 15, 2026 | 20:38 |1867
Şu gün, 15-nji awgustda, Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy ýurduň garaşsyzlygynyň 80 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäresini guradyŞu gün, 15-nji awgustda, Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy ýurduň garaşsyzlygynyň 80 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäresini gurady
Çeşme: Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy

Şu gün, 15-nji awgustda, Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy ýurduň garaşsyzlygynyň 80 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäresini gurady.

Dabara hindi diasporasynyň wekilleri, ilçihananyň işgärleri we olaryň maşgala agzalary, şeýle hem diplomatik wekilhananyň hyzmatdaşlary we dostlary gatnaşdy.

80-й День независимости Индии

Baýramçylyk çäresi milli aýdym-saz «Wande Mataram» eseriniň bilelikde ýerine ýetirilmegi bilen başlandy. Soňra Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabu döwlet senasy «Jana Gana Mana» ýaňlanýarka Hindistanyň Döwlet baýdagyny dabaraly ýagdaýda galdyrdy.

Diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy Hindistanyň Prezidenti Draupadi Murmunyň halka ýüzlenmesini okap berdi. Çykyşynda diplomat Nýu-Deliniň Türkmenistan bilen köpýyllyk dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmäge we ösdürmäge bolan ygrarlylygyny tassyklady.

80-й День независимости Индии 1

Çäräniň maksatnamasyna ýoga boýunça görkezme çykyşlary we watançylyk mazmunly aýdym-saz çykyşlary girizildi. Ilçi baýramçylyk çäresiniň çäklerinde geçirilen «Hindistany tana» atly bäsleşigiň Türkmenistandan bolan iň gowy bäş gatnaşyjysyna baýraklary hut özi gowşurdy.

Şeýle hem «Wande Mataram» milli aýdymynyň 150 ýyllygyna bagyşlanan «Har Ghar Tiranga» atly ýörite sergi geçirildi. Çäre milli hindi tagamlarynyň hödürlenmegi bilen tamamlandy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026