HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

Awgust 16, 2026 | 17:00 |5978
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek döwlet Baştutanlarynyň öňümizdäki sammiti täze geosyýasy derejä çykan Merkezi Aziýa prosesiniň logiki dowamydyr«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek döwlet Baştutanlarynyň öňümizdäki sammiti täze geosyýasy derejä çykan Merkezi Aziýa prosesiniň logiki dowamydyr
Çeşme: iica.uz

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek döwlet Baştutanlarynyň öňümizdäki sammiti täze geosyýasy derejä çykan Merkezi Aziýa prosesiniň logiki dowamydyr. Bu barada Merkezi Aziýanyň Halkara instituty tarapyndan guralan halkara onlaýn «tegelek stol» maslahatynda gürrüň edildi. Ara alyp maslahatlaşmalara sebit ýurtlarynyň, Azerbaýjanyň öňdebaryjy analitikleri, şeýle hem Beýik Britaniýanyň bilermenleri gatnaşdylar.

2018-nji ýyldan bäri Konsultatiw duşuşyklaryň meýdançasy yzygiderli syýasy dialogdan howpsuzlyk, söwda, energetika we ulag-logistika ugurlaryny öz içine alýan köp derejeli mehanizme çenli ösüş ýoluny geçdi. Beýik Britaniýanyň Patyşalyk goranmak barlaglary bileleşiginiň bilermenleriniň bellemegine görä, Azerbaýjanyň Merkezi Aziýanyň bäş döwletinden ybarat formata resmi taýdan goşulmagy täze geoykdysady hakykatyň emele gelendigini görkezdi. «S6» formaty Merkezi Aziýa bilen Günorta Kawkazyň arasynda göni baglanyşyk döredip, sebitara ulag ugurlary üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Hazar deňziniň türkmen kenarynda geçiriljek öňümizdäki gepleşikleriň gün tertibine Hazarüsti ugruny ösdürmek meselesi hem girer. Logistika boýunça hünärmenler häzirki wagtda Orta geçelgäniň durnuklylygynyň diňe bir port we demir ýol infrastrukturasynyň gurluşygyna däl, eýsem ýük akymlarynyň aýdyňlygyny we öňünden çaklap bolujylygyny üpjün edýän päsgelçiliksiz gurşawyň döredilmegine hem baglydygyny belleýärler.

Iňlis we merkezi aziýaly syýasatşynaslar duşuşyklaryň ylalaşyga esaslanýan häsiýetiniň sebitiň özbaşdak hereket etmek mümkinçiliklerini güýçlendirýändigini nygtap, Awazada geçiriljek öňümizdäki duşuşygyň döwletleriň bilelikdäki amaly netijelere gönükdirilen ugruny has-da berkitjekdigini bellediler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Manilanyň günortasynda Taala wulkany atyldy

Manilanyň günortasynda Taala wulkany atyldy

22:00 Oktýabr 09, 2026
Ukraina Russiýa we ABŞ bilen üçtaraplaýyn gepleşiklere gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi

Ukraina Russiýa we ABŞ bilen üçtaraplaýyn gepleşiklere gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi

20:00 Oktýabr 09, 2026
Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putin Awazada gepleşikleri geçirdiler

Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putin Awazada gepleşikleri geçirdiler

19:22 Oktýabr 09, 2026