ABŞ dronlaryň importyna gümrük paçlaryny girizýär
Penşenbe güni ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp milli howpsuzlyk bilen bagly sebäplere salgylanyp, uçarmansyz uçujy enjamlaryň we olaryň düzüm bölekleriniň importyna 10 göterimden 100 göterime çenli gümrük paçlaryny girizmek baradaky permana gol çekdi.
Haçan-da dünýäniň iň kuwwatly döwletleriniň biriniň administrasiýasy dron bazaryny söwda söweşiniň meýdanyna öwürende, gümrük pajynyň her bir göterimi tehnologik söweşde ýaraga öwrülýär. Şeýlelikde, dünýä howpsuzlyk meseleleriniň ykdysady logikanyň ornuny eýeleýändigine ýene bir gezek şaýat bolýar. 10 göterimden 100 göterime çenli bolan paçlar diňe bir san däl, eýsem dron öndürmekde agdyklyk edýän Hytaý bilen öz bazaryny goramaga çalyşýan ABŞ-nyň arasyndaky dartgynlylygyň derejesini hem görkezýär.
Bu çäreleriň täsiri diňe bir termiki kamera bilen enjamlaşdyrylan iri uçarmansyz uçujy enjamlara däl, eýsem olaryň düzüm böleklerine we ABŞ-nyň ýaran ýurtlaryna hem degýär. Şeýle ýurtlar iki tarapyň arasynda kyn ýagdaýa düşýärler. Tramp bu çäreleri milli howpsuzlygy goramak hökmünde häsiýetlendirýär, emma öndürijiler we sarp edijiler üçin munuň manysy bir: bahalar ýokarlanar, üpjünçilik zynjyrlary bolsa ýene-de howp astynda galar.
ABŞ uçuşdaky iň ýokary agramy 25 kilogramdan ýokary bolan, termiki şekil düşürmek mümkinçiligine ýa-da beýleki görkezilen aýratynlyklara eýe bolan uçarmansyz uçujy enjamlara 100 göterimlik adwalor gümrük pajyny girizer. Ak Tamyň beýanyna görä, bu dronlaryň birleşdirme stansiýalary we käbir möhüm düzüm bölekleri hem 100 göterimlik paja giriziler.
Beýanda bellenilişine görä, «milli howpsuzlyga aýratyn täsir edýän käbir mümkinçiliklere eýe bolmadyk» has kiçi dronlara 25 göterimlik paç giriziler. Belli ýurtlardan we sebitlerden getirilýän dronlara we olaryň düzüm böleklerine bolsa 15 ýa-da 10 göterim möçberinde paç ulanylar.
Permana laýyklykda, Ýewropa Bileleşigi, Ýaponiýa, Lihtenşteýn, Koreýa Respublikasy we Şweýsariýa ýaly ýurtlardan we sebitlerden getirilýän dronlara hem-de olaryň düzüm böleklerine 15 göterimlik adwalor paç giriziler. Beýik Britaniýadan getirilýän dronlara bolsa, enjamlaryň, programma üpjünçiliginiň we tehnologiýalaryň esasy böleginiň şol ýurtda we ABŞ-da öndürilmegi şerti bilen, 10 göterimlik adwalor paç ulanylar.
Gümrük paçlary perman gol çekilenden 21 gün soň güýje girer. Dronlaryň has az duýgur düzüm böleklerine degişli paçlar bolsa 180 günden soň güýje girer.
Tramp administrasiýasynyň bu karary milli howpsuzlygyň çäklendirmeler üçin ähliumumy delil hökmünde barha köp ulanylýan söwda syýasatyndaky nobatdaky ädim boldy.
Dünýädäki dron önümçiliginiň 70 göterimden gowragyna düşýän Hytaý bu çäreleriň esasy nyşanyna öwrüler. Şol bir wagtyň özünde paçlar ABŞ-nyň ýaranlaryna, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna we Günorta Koreýa hem täsir eder. Bu bolsa transatlantik bileleşigiň içinde dartgynlylygyň ýüze çykmagyna sebäp bolup biler.
ABŞ-daky dron öndürijileri täze gümrük paçlarynyň taýýar önümleriň we düzüm bölekleriniň bahasynyň ýokarlanmagyna getirjekdigini eýýäm mälim etdiler. Bu ýagdaý amerikan sarp edijilerine we dronlary täjirçilik maksatlary bilen — oba hojalygyndan başlap logistika çenli dürli ugurlarda — ulanýan kompaniýalara ýaramaz täsir edip biler.
Bilermenler şeýle çäreleriň Hytaýyň we beýleki ýurtlaryň jogap çärelerini görmegine sebäp bolup biljekdigini duýdurýarlar. Bu bolsa ýokary tehnologiýaly pudakda dünýä üpjünçilik zynjyrlarynyň has-da böleklere bölünmegini çuňlaşdyryp biler.
CCTV+ agentliginiň habar bermegine görä, dronlara gümrük paçlarynyň girizilmegi ABŞ-nyň geosyýasy göreşde söwda gurallaryny ulanmagyny dowam etdirýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Bu kararyň netijeleri bolsa uçarmansyz awiasiýa bazarynyň çäklerinden has uzakda hem duýlar.








