Şahrisabzda V Halkara ýaşlar ekologiýa gurultaýy geçirildi


Kaşkadarýa welaýatynyň Şahrisabz etrabynda «Ýaşlar — geljegiň binagärleri» atly V Halkara ekologiýa gurultaýy geçirildi. Giň gerimli forum Özbegistandan, Türkmenistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Azerbaýjandan, Türkiýeden, Russiýadan we Belarusdan 1000-e golaý ýaş ekologiýa işjeňleriniň gatnaşmagynda geçirildi diýip, Yuz.uz habar berýär.
Çäräniň esasy maksady ýaşlary daşky gurşawy goramaga çekmek we ekologik meseleleriň çözgütlerini gözlemekde olaryň tagallalaryny birleşdirmekden ybarat boldy.

Açylyş dabarasynda Özbegistanyň Milli ekologiýa komitetiniň wekilleri hem-de welaýat ýolbaşçylary çykyş etdiler. Gatnaşyjylara Özbegistanyň Prezidentiniň geňeşçisi Aziz Abduhakimowyň gutlagy ýetirildi. Onda tebigaty goramakda işjeň ýaşlaryň möhüm orny nygtaldy. Şeýle hem açylyş dabarasynyň çäklerinde «Ýaş ekologlar» hereketiniň sebit geňeşleriniň başlyklaryna resmi ynanç şahadatnamalary gowşuryldy.
Gurultaýyň maksatnamasy baý mazmunly we amaly çärelerden ybarat boldy. Ýaş ekologlar ýöriteleşdirilen taslamalaryň durmuşa geçirilmegine, çäkleri arassalamak boýunça ekologik çärelere, tanyşdyryşlara we bilermenler bilen duşuşyklara gatnaşdylar. Mundan başga-da, forumyň çäklerinde «Iň gowy ekologik taslama», «Eko-zakowat» we KWN atly halkara bäsleşikler geçirildi. Gurultaý tejribe alyşmak we tebigaty goramak ulgamynda geljegi uly başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin netijeli meýdança öwrüldi.
ORIENT






