AGROEXPO 2027 22-nji Halkara oba hojalyk sergisi Izmir şäherinde geçiriler


2027-nji ýylyň 2–6-njy fewraly aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde 22-nji Halkara oba hojalyk we maldarçylyk sergisi — AGROEXPO 2027 geçiriler. Giň gerimli pudaklaýyn forum däp bolşy ýaly, Türkiýäniň iň uly ýapyk sergi toplumynda — Fuar İzmir (Gaziemir International Fair Area) merkezinde geçirilip, dünýäniň dürli künjeklerinden oba hojalyk senagatynyň esasy wekillerini bir ýere jemlär.
2027-nji ýylda sergi merkeziň ähli 12 pawilýonynda, umumy meýdany 110 müň inedördül metre ýetýän giňişlikde geçiriler. Sergä halkara we türk kompaniýalarynyň öňdebaryjylary, oba hojalyk senagatynyň hünärmenleri hem-de daýhan hojalyklarynyň wekilleri gatnaşarlar.
Sergide şu ugurlar boýunça önümler we çözgütler görkeziler:
— oba hojalyk tehnikalary we traktor öndürýän dünýä brendleri;
— maldarçylykda we ösümlikçilikde öňdebaryjy tehnologiýalar;
— daýhan hojalyklary we oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek üçin döwrebap enjamlar;
— oba hojalyk pudagy üçin innowasion çözgütler we işläp taýýarlamalar.
AGROEXPO täze tehnologiýalary görkezmek, tejribe alyşmak, göni işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak we özara bähbitli şertnamalary baglaşmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär.
Sergi barada has giňişleýin maglumaty resmi web sahypasyndan tapyp bilersiňiz: agroexpo.com.tr.
ORIENT




