HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda geçiriljek “KIDS EXPO” sergisinde ilkinji gezek “Menekliler” atly türkmen 3D multserialy görkeziler

Awgust 14, 2026 | 23:00 |6027
Öňde boljak «KIDS EXPO: Ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynda ýurdumyzyň döredijilik pudagy üçin möhüm waka bolarÖňde boljak «KIDS EXPO: Ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynda ýurdumyzyň döredijilik pudagy üçin möhüm waka bolar
Çeşme: Türkmen Expo

Öňde boljak «KIDS EXPO: Ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynda ýurdumyzyň döredijilik pudagy üçin möhüm waka bolar. “MenzilMekan Animation” studiýasy “Nowça TV” multimediýa platformasy bilen bilelikde ilkinji gezek öz ilkinji animasiýa 3D taslamasyny — “Menekliler” multserialyny giň halk köpçüligine hödürlär.

Täze eser ýaş tomaşaçylara dostluk, birek-birege kömek we ýagşylyk hakynda düşnükli dilde gürrüň bermegi maksat edinýär. Döredijiler hemişelik gahrymanlaryň gatnaşmagynda dowamly wakalar görnüşine aýratyn ähmiýet berdiler. Gahrymanlar bir bölümden beýleki bölüme geçdigiçe ulalar, täze ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolarlar we tomaşaçylar bilen bilelikde durmuşdaky möhüm soraglara jogap taparlar.

Taslamanyň serginiň çäginde tanyşdyrylmagy myhmanlara häzirki zaman türkmen animasiýasyna täzeçe garaýşa ilkinji bolup baha bermäge mümkinçilik berer. Serialyň döredijileri bilen tanyşmak we “Menekliler” multserialynyň ilkinji bölümlerine tomaşa etmeklik 19–22-nji awgustda “KIDS EXPO 2026” geçiriljek ýeri bolan Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi toplumynda mümkin bolar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýewropa Bileleşiginiň «Horizon Europe» maksatnamasynyň çäginde geçirilen okuw maslahaty

Ýewropa Bileleşiginiň «Horizon Europe» maksatnamasynyň çäginde geçirilen okuw maslahaty

20:25 Oktýabr 14, 2026
BMG Ýemendäki ynsanperwer ýagdaýyň has-da ýaramazlaşýandygyny duýdurdy

BMG Ýemendäki ynsanperwer ýagdaýyň has-da ýaramazlaşýandygyny duýdurdy

20:00 Oktýabr 14, 2026
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 5G ulgamy işe girizildi

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 5G ulgamy işe girizildi

19:20 Oktýabr 14, 2026