HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Arkadag şäherinde gurulýan medrese ýokary okuw mekdebiniň derejesine eýe bolar

Awgust 14, 2026 | 23:35 |3350
Arkadag şäherinde täze «Arkadagyň ruhy metjidiniň» ýanynda gurulýan medrese ýokary okuw mekdebiniň derejesine eýe bolarArkadag şäherinde täze «Arkadagyň ruhy metjidiniň» ýanynda gurulýan medrese ýokary okuw mekdebiniň derejesine eýe bolar
Çeşme: Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri

Arkadag şäherinde täze «Arkadagyň ruhy metjidiniň» ýanynda gurulýan medrese ýokary okuw mekdebiniň derejesine eýe bolar. Bu baradaky teklip din wekili Ý. Hojagulyýew tarapyndan täze şäherde geçirilen iş maslahatynda öňe sürüldi diýip, TDH habar berýär.

Onuň aýtmagyna görä, medresäniň gurluşygynyň gerimi we derejesi ýokary okuw mekdeplerine bildirilýän talaplara kybap gelýär. Täze derejäniň berilmegi yslam dünýäsinde umumy kabul edilen bilim ölçeglerine laýyklykda okuwlary guramaga mümkinçilik berer hem-de ýaş nesle däp bolan ruhy gymmatlyklary ýetirmäge ýardam eder.

Bu teklip türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan makullanyldy. Milli Liderimiz dünýäniň dürli ýurtlarynda şeýle ýokary okuw mekdepleriň hereket edýändigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, gurulýan okuw mekdebiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de berkitmek, şeýle hem okuw işini guramakda we öwrediljek sapaklary özleşdirmekde halkara tejribesinden ugur almak boýunça degişli maslahatlar berildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň agzalary bilen maslahatlaşmagyň we olar bilen sazlaşykly tagalla edilmeginiň möhümdigi nygtaldy. Taýýarlyk ugurlaryny kesgitlemäge we halkara ölçegleri nazara almak bilen degişli okuw maksatnamalaryny işläp taýýarlamaga aýratyn üns bermek teklip edildi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 5G ulgamy işe girizildi

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 5G ulgamy işe girizildi

19:20 Oktýabr 14, 2026
OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

21:00 Oktýabr 13, 2026
Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

19:00 Oktýabr 13, 2026