HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkiýäniň ýodalary: dag gerişlerinden uç-gyraksyz duzlyklara çenli

Awgust 14, 2026 | 23:45 |2917
21–23-nji awgust aralygynda Aksaraý welaýatynyň Eskil etrabynda ýerleşýän Tuz Gölüniň (Duz köli) haýran galdyryjy ak örtüginde «Runfire Salt Lake Ultra Trail» ultramarafony geçiriler21–23-nji awgust aralygynda Aksaraý welaýatynyň Eskil etrabynda ýerleşýän Tuz Gölüniň (Duz köli) haýran galdyryjy ak örtüginde «Runfire Salt Lake Ultra Trail» ultramarafony geçiriler
Çeşme: Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy / Medeniýet we syýahatçylyk bölümi

Ajaýyp tebigy görnüşleri we dürli relýefi — belent dag gerişlerinden başlap, kenarýaka ýodalaryna çenli — bilen Türkiýe köp ýyllardan bäri pyýada gezelençleri we tebigatda işjeň dynç almagy halaýan adamlary özüne çekýär. Ýurdyň dürli geografik aýratynlyklary ultramarafon ýaly iri sport çärelerini geçirmek üçin hem ajaýyp şertleri döredýär. Şeýle ýaryşlar aşa fiziki synaglary tebigat bilen ýakyndan tanyşmak mümkinçiligi bilen utgaşdyrýar. Gara deňizden Türkiýe Riwýerasyna, Marmara deňzinden Kapadokiýa çenli Türkiýäniň dürli künjeklerinde ýylyň dowamynda dünýä derejesindäki ultramarafonlar geçirilýär.

ультрамарафон «Runfire Salt Lake Ultra Trail»1

Duz kölüniň uç-gyraksyz ak giňişliginde ýatdan çykmajak syýahat

21–23-nji awgust aralygynda Aksaraý welaýatynyň Eskil etrabynda ýerleşýän Tuz Gölüniň (Duz köli) haýran galdyryjy ak örtüginde «Runfire Salt Lake Ultra Trail» ultramarafony geçiriler.

ультрамарафон «Runfire Salt Lake Ultra Trail»2

Duz kölüniň täsin tebigy görnüşlerinde geçiriljek «Runfire Salt Lake Ultra Trail» dürli derejedäki türgenler üçin niýetlenen 7 ugur boýunça ýatdan çykmajak täsirleri wada berýär. Çäräniň maksatnamasyna 10 km, toparlaýyn 10 km, gündiz we gijeki 15 km, şeýle hem 20 km, 40 km, 80 km we 100 mil (160 km) aralyklara bolan ýaryşlar girýär. Şeýle giň görnüşli maksatnama gysga aralyga ylgaýan türgenlerden başlap, tejribeli ultramarafonçylara çenli dürli gatnaşyjylary özüne çekýär.

ультрамарафон «Runfire Salt Lake Ultra Trail»3

Marafonyň maksatnamasy:

— Sene: 2026-njy ýylyň 21–23-nji awgusty

— Gatnaşyjylar: dünýäniň 13 ýurdundan 750 türgen

— Geçiriljek ýeri: Duz köli (Eskil), Aksaraý, Türkiýe

— 100 millik ýaryşyň başlangyjy: 2026-njy ýylyň 21-nji awgusty

— Festiwal we beýleki ýaryşlar: 22-nji awgust

— Baýrak gowşurylyş dabarasy: 22–23-nji awgust

— Hasaba alnyş üçin soňky möhlet: 2026-njy ýylyň 17-nji awgusty

ультрамарафон «Runfire Salt Lake Ultra Trail»4

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmen dizaýnerleri Parižde geçirilen halkara moda sergisinde öz önümlerini hödürlediler

Türkmen dizaýnerleri Parižde geçirilen halkara moda sergisinde öz önümlerini hödürlediler

03:25 Sentýabr 12, 2026
Türkmenistanyň teatrlary Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna täze sahna oýunlaryny hödürlärler

Türkmenistanyň teatrlary Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna täze sahna oýunlaryny hödürlärler

00:20 Sentýabr 12, 2026
Teatr bäsleşigi üstünlikli geçirildi

Teatr bäsleşigi üstünlikli geçirildi

15:00 Sentýabr 11, 2026