Hazar deňziniň ekologik meseleleri boýunça Tähran konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň ýedinji maslahaty sentýabr aýynda geçiriler


Eýranyň Daşary işler ministriniň hukuk we halkara meseleleri boýunça orunbasary Kazem Garibabadi Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň ýedinji maslahatynyň (COP7) geçiriljekdigini habar berdi. Forum 23-nji sentýabrda Tähranda Hazaryň kenarynda ýerleşýän bäş döwletiň ýokary derejeli wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriler.
Eýranly diplomat sişenbe güni Hazar deňziniň Milli güni mynasybetli geçirilen çäräniň dowamynda 2003-nji ýylyň 12-nji awgustynda hut Tähranda gol çekilen Çarçuwaly konwensiýanyň suw howdanynyň ekologik howpsuzlygyny üpjün etmek üçin hukuk esasyny döredendigini belledi. Eýranda ekoulgamyň goralmagy, durnuklylygy we Hazar deňzine degişli geljekki başlangyçlar üçin esasy jogapkärçiligiň gönüden-göni kenarýaka döwletleriň üstüne düşýändigi bellenildi.
Tähranda geçiriljek öňümizdäki maslahatyň çäklerinde taraplar sebitdäki howanyň üýtgemegi, suw derejesiniň peselmegi, biologik baýlyklaryň azalmagy we suw giňişliginiň hapalanmagy ýaly esasy meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýärler. Seýrek duş gelýän görnüşleriň, hususan-da Hazar düwleni populýasiýasynyň goralmagyna, şeýle hem ekologik taslamalaryň utgaşdyrylmagyna aýratyn üns berler diýip, “Tasnim news” habar berýär.
Eýran tarapy deňiz derejesiniň peselmegi meselesine bagyşlanan Hazar ekologik sammitini geçirmek baradaky Türkmenistanyň başlangyjyny goldady. Bu sammit 7-nji oktýabrda Awazada geçirilmegi meýilleşdirilýär. Tähranda we Awazada geçiriljek ekologik forumlaryň özara utgaşdyrylmagy Hazar deňziniň diplomatiýasyny pugtalandyrmaga we sebitiň durnukly ösüşi üçin ylalaşykly mehanizmleri kemala getirmäge gönükdirilendir.








