Türkmenistanda «Ahalteke bedewleri — parahatçylygyň ilçileri» atly okuwçylar bäsleşigi geçiriler


Türkmenistanyň Bilim ministrligi Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen bilelikde «Ahalteke bedewleri — parahatçylygyň ilçileri» atly giň gerimli intellektual bäsleşigi geçirýär. Taslama ahalteke atçylygyny giňden wagyz etmäge, milli mirasa bolan buýsanjy terbiýelemäge we zehinli ýokary synp okuwçylaryny goldamaga gönükdirilendir. Bäsleşige ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 11–12-nji synplarynyň okuwçylary gatnaşyp bilerler.
Intellektual bäsleşik üç tapgyrda geçiriler:
Birinji tapgyr (2026-njy ýylyň 22-nji sentýabry): ähli hasaba alnan gatnaşyjylar üçin uzak aralykdan geçirilýän sanly test.
Ikinji we üçünji tapgyrlar (2026-njy ýylyň oktýabr–dekabr aýlary): Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň binýadynda geçiriljek gönümel bäsleşikler. Tapgyrlaryň teleýaýlym arkaly görkezilmegi göz öňünde tutulýar.
Jemleýji tapgyryň ýeňijileri we baýrakly orun eýeleri baş kubok, altyn, kümüş we bürünç medallar, şeýle hem Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň diplomlary, Hormat hatlary hem-de gymmatly ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanarlar.
Nädip gatnaşmaly?
Bäsleşige gatnaşmak üçin 15-nji sentýabr güni hem goşmak bilen, hasaba alyş formasyny dolduryp, ony info@ihba.edu.tm elektron salgysyna ibermek ýa-da akademiýanyň saýtyndaky ýörite bölüm arkaly ihba.edu.tm/olimp/ ýükläp bolýar. Bäsleşigiň jikme-jik düzgünnamasy akademiýanyň resmi web sahypasynda ýerleşdirilendir (ihba.edu.tm).
ORIENT






