Türkmenistanly hünärmenler Germaniýada ylmy-barlag tejribelik okuwyny geçýärler


25-nji iýuldan 16-njy awgusta çenli Türkmenistanyň hünärmenleri Germaniýanyň Klaustal Tehniki uniwersitetinde halkara ylmy-barlag tejribelik okuwyna gatnaşýarlar. Maksatnama Ýewropa Bileleşigi bilen GIZ tarapyndan bilelikde durmuşa geçirilýän «Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin Ýewropa Bileleşigi» taslamasynyň çäklerinde guraldy.
Türkmen wekiliýetiniň düzümine Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň, Döwlet energetika institutynyň we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekilleri girdiler. Gatnaşyjylar emeli aňyň we neýro torlarynyň işleýşiniň düýpli ýörelgelerini, maglumatlary işlemek usullaryny, şeýle hem önümçilik proseslerindäki näsazlyklary ýüze çykarmagyň usullaryny öwrenýärler.
Germaniýanyň uniwersitetiniň amaly okuwlarynda we barlaghanalarynda hünärmenler guýularyň bitewiligine gözegçilik etmek we çuňňur burawlamak tehnologiýalaryny öwrenýärler. Mundan başga-da, emeli aň algoritmleriniň kömegi bilen olar Gün elektrik stansiýalarynyň işini modelirleýärler we olaryň netijeli kuwwatyny çaklaýarlar.
Metanyň zyňyndylaryny ýüze çykarmak we azaltmak tehnologiýalaryna hem aýratyn üns berilýär. Bu usullaryň özleşdirilmegi Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda ekologik howpsuzlygy ýokarlandyrmaga we energiýa serişdeleriniň ýitgilerini azaltmaga ýardam eder.
Maksatnamanyň çäklerinde Germaniýanyň iri senagat desgalaryna — düzüminde kükürt bolan gazy gaýtadan işleýän zawoda, şeýle hem ýel we Gün elektrik stansiýalaryna baryp görmek meýilleşdirilýär. Bu saparlar wekiliýete öňdebaryjy ýaşyl tehnologiýalaryň önümçilik şertlerindäki işini gönüden-göni görmek mümkinçiligini berer. Alnan bilimler ýurdumyzyň senagatyny sanlylaşdyrmak we durnukly ösdürmek ugrunda möhüm ädim bolar.
ORIENT







