HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda «Ahalteke bedewleri — parahatçylygyň ilçileri» atly okuwçylar bäsleşigi geçiriler

Awgust 13, 2026 | 22:00 |4122
Türkmenistanyň Bilim ministrligi Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen bilelikde «Ahalteke bedewleri — parahatçylygyň ilçileri» atly giň gerimli intellektual bäsleşigi geçirýärTürkmenistanyň Bilim ministrligi Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen bilelikde «Ahalteke bedewleri — parahatçylygyň ilçileri» atly giň gerimli intellektual bäsleşigi geçirýär
Çeşme: bilim.tm

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen bilelikde «Ahalteke bedewleri — parahatçylygyň ilçileri» atly giň gerimli intellektual bäsleşigi geçirýär. Taslama ahalteke atçylygyny giňden wagyz etmäge, milli mirasa bolan buýsanjy terbiýelemäge we zehinli ýokary synp okuwçylaryny goldamaga gönükdirilendir. Bäsleşige ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 11–12-nji synplarynyň okuwçylary gatnaşyp bilerler.

Intellektual bäsleşik üç tapgyrda geçiriler:

Birinji tapgyr (2026-njy ýylyň 22-nji sentýabry): ähli hasaba alnan gatnaşyjylar üçin uzak aralykdan geçirilýän sanly test.

Ikinji we üçünji tapgyrlar (2026-njy ýylyň oktýabr–dekabr aýlary): Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň binýadynda geçiriljek gönümel bäsleşikler. Tapgyrlaryň teleýaýlym arkaly görkezilmegi göz öňünde tutulýar.

Jemleýji tapgyryň ýeňijileri we baýrakly orun eýeleri baş kubok, altyn, kümüş we bürünç medallar, şeýle hem Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň diplomlary, Hormat hatlary hem-de gymmatly ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanarlar.

Nädip gatnaşmaly?

Bäsleşige gatnaşmak üçin 15-nji sentýabr güni hem goşmak bilen, hasaba alyş formasyny dolduryp, ony info@ihba.edu.tm elektron salgysyna ibermek ýa-da akademiýanyň saýtyndaky ýörite bölüm arkaly ihba.edu.tm/olimp/ ýükläp bolýar. Bäsleşigiň jikme-jik düzgünnamasy akademiýanyň resmi web sahypasynda ýerleşdirilendir (ihba.edu.tm).

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

21:00 Oktýabr 13, 2026
Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

19:00 Oktýabr 13, 2026
Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

18:02 Oktýabr 13, 2026