HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Yrak: 30-njy sentýabr — ABŞ goşunlarynyň çykarylmagy üçin ahyrky möhlet

Awgust 13, 2026 | 20:00 |149
Çeşme: orient.tm

Çarşenbe güni Yragyň premýer-ministri Ali az-Zaidi ABŞ-nyň Merkezi serkerdeliginiň serkerdesi Bred Kuper bilen bolan duşuşygynda 30-njy sentýabryň ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň Yrakdaky harby missiýasyny tamamlamagy we goşunlaryny ýurtdan çykarmagy üçin kesgitlenen berk ahyrky möhlet bolup galýandygyny aýtdy.

On ýyldan gowrak wagtlap daşary ýurt harby güýçleriniň täsirinde bolan Yrak üçin bu sene diňe bir senenamadaky bellik däl-de, eýsem özbaşdaklygyny berkitmäge bolan ymtylyşyň beýanydyr. 2003-nji ýyldaky çozuşdan başlap, «Yslam döwleti» toparyna garşy göreşe çenli häzirki zaman taryhy daşary ýurtlaryň harby goşulmalary bilen berk baglanyşykly bolan Yrak indi öz topragynda daşary ýurt goşunlarynyň bolmagynyň möhletiniň tamamlanýandygyny yglan edýär.

Premýer-ministr az-Zaidi Waşingtonda gazanylan ylalaşyklary tassyklap, 1-nji oktýabryň Yrak üçin täze döwrüň başlangyjy boljakdygyny, şol döwürden başlap Bagdadyň öz howpsuzlygy üçin jogapkärçiligi doly öz üstüne aljakdygyny aýtdy. Şeýle-de bolsa, bu beýannamanyň aňyrsynda diňe bir syýasy erk däl, eýsem ýaragly toparlary ýaragsyzlandyrmak ýaly çylşyrymly mesele hem bar. Eýranyň generaly Kaaniniň Bagdada soňky saparlary hem muny tassyklaýar.

Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň we basyşlaryň, şeýle hem ýurduň içindäki dürli güýçleriň arasynda deňagramlylyk saklamaga synanyşýar. Bu ugurda ediljek her bir ädim tutuş sebitdäki güýçleriň ýerleşişine täsir edip biler.

Bagdatda geçirilen duşuşykda iki tarap hem iýul aýynyň ortalarynda az-Zaidiň Waşingtona saparynyň dowamynda gazanylan ylalaşyga laýyklykda koalisiýanyň harby missiýasyny tamamlamak boýunça doly we gutarnykly ylalaşygy tassyklady. Bu barada az-Zaidiň metbugat gullugynyň beýannamasynda habar berildi.

Az-Zaidi 1-nji oktýabryň Yrak üçin täze döwrüň başlanýandygyny alamatlandyrjakdygyny, sebäbi ýurduň daşary ýurt harby güýçleriniň gatnaşmagyndan azat bolup, öz çäginde milli özygtyýarlylygyny doly amala aşyrjakdygyny aýtdy. Şeýle hem ol ýaragly güýçleriň diňe döwlet häkimiýetiniň gözegçiliginde bolmagynyň kanuna laýyklykda ýurduň özygtyýarlylygyny, durnuklylygyny we geljekki ösüşini goramak üçin esasy şert bolup galýandygyny belledi.

2014-nji ýylda «Yslam döwleti» topary Yragyň günbatar we demirgazyk sebitleriniň giň meýdanlaryny eýeledi. Şondan soň ekstremistik topara garşy göreşmek üçin ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa döredildi we onuň düzümindäki harby güýçler Yraga ýerleşdirildi.

«Al Jazeera» teleýaýlymy çarşenbe güni yrak çeşmesine salgylanyp, Eýranyň Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň serkerdesi Esmaýyl Kaaniniň şu hepdäniň başynda Bagdada meýilleşdirilmedik sapar edendigini habar berdi. Ol saparynyň dowamynda syýasy liderler, howpsuzlyk düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de şaýy ýaragly toparlarynyň serkerdeleri bilen ýapyk görnüşde duşuşyp, Yrak hökümetiniň ýaragly toparlary ýaragsyzlandyrmak baradaky meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşypdyr.

ABŞ-nyň goşunlaryny Yrakdan çykarmak 2025-nji ýylda häkimiýete gelen häzirki hökümetiň esasy wada beren ugurlarynyň birine öwrüldi. «Yslam döwletine» garşy göreşmek üçin 2014-nji ýylda döredilen koalisiýanyň missiýasy resmi taýdan tamamlandy, emma Yraga harby güýçlere tälim bermekde we maslahat bermekde kömek edýän ýüzlerçe geňeşçi galypdy. Indi Bagdat olaryň hem doly çykarylmagyny talap edýär.

Emma bu proses dürli ýaragly toparlaryň, şol sanda Eýran bilen baglanyşykly şaýy ýaragly düzümleriň bolmagy sebäpli çylşyrymlaşýar. Olaryň käbirleri merkezi hökümete doly tabyn bolmaýar. Kaaniniň sapary Tähranyň wakalaryň ösüşine üns bilen gözegçilik edýändigini we öz täsirini saklamaga çalyşýandygyny görkezýär.

Az-Zaidi bolsa Waşingtonyň talaplarynyň, Eýranyň basyşlarynyň we durnuksyzlykdan ýadan yrak jemgyýetiniň garaşýan zatlarynyň arasynda deňagramlylyk tapmaga synanyşýar. Bu meýilnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Bagdadyň ýurduň çägindäki ähli ýaragly güýçlere gözegçiligi ýola goýmak ukybyna bagly bolar. Munuň üçin diňe bir syýasy erk däl, eýsem dürli toparlaryň hem belli bir ylalaşyklara we eglişiklere gitmegi zerur.

CCTV+ agentliginiň habar berşi ýaly, 30-njy sentýabr Yrak üçin öwrülişik pursadyna öwrülip biler. Emma bu möhletden soň ýurda hakyky özygtyýarlylygy gazanmak üçin uzak we kyn ýol garaşýar. Şol ýoluň her bir ädimi ABŞ bilen täze gatnaşyklaryň hem-de ýurduň içerki jebisliginiň näderejede berkdigini synagdan geçirer.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Yrak: 30-njy sentýabr — ABŞ goşunlarynyň çykarylmagy üçin ahyrky möhlet

Yrak: 30-njy sentýabr — ABŞ goşunlarynyň çykarylmagy üçin ahyrky möhlet

20:00 Awgust 13, 2026
Ärdogan bilen Abbas Ankarada duşuşdy

Ärdogan bilen Abbas Ankarada duşuşdy

18:00 Awgust 13, 2026
Awstriýa daýhanlar üçin dizel ýangyjyna döwlet subsidiýalaryny girizýär we bazar mehanizmlerinden ýüz öwürýär

Awstriýa daýhanlar üçin dizel ýangyjyna döwlet subsidiýalaryny girizýär we bazar mehanizmlerinden ýüz öwürýär

16:00 Awgust 13, 2026