HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ABŞ 175 müňden gowrak wizany ýatyrdy

Awgust 12, 2026 | 21:00 |360
Çeşme: orient.tm

ABŞ-nyň Döwlet departamenti duşenbe güni 2025-nji ýylyň ýanwaryndan, ýagny Donald Trampyň prezident hökmünde ikinji möhlete girişeninden bäri 175 müňden gowrak wizanyň ýatyrylandygyny habar berdi. Köp adamlar üçin «Amerikan arzuwyna» barýan ýol hökmünde görülýän wiza býurokratik kararyň netijesinde güýjüni ýitirýän kagyza öwrülende, ýüzlerçe müň adam öz öňünde ýapyk gapylaryň peýda bolandygyny görýär. Doland Trampyň administrasiýasy 2025-nji ýylyň ýanwarynda Ak Tama gaýdyp geleninden bäri immigrasiýa syýasatyny has-da berkleşdirmäge girişdi. Bir ýyldan hem az wagtyň içinde 175 müň wizanyň ýatyrylmagy bolsa häkimiýetleriň niýetleriniň aýdyň beýany boldy.

ABŞ-nyň häkimiýetleri wizanyň hukuk däl-de, artykmaçlykdygyny we kanunyň islendik bozulmasynyň daşary ýurt raýatynyň ABŞ-da bolmak mümkinçiliginden mahrum bolmagyna getirip biljekdigini nygtaýarlar. Emma ýatyrylan her bir wizanyň aňyrsynda bir adamyň işi, bilimi, maşgalasy we durmuş meýilnamalary bar. Hökümet jenaýatçylyga garşy göreş alyp barýandygyny beýan edýän mahaly, müňlerçe adam geljek baradaky meýilnamalaryna täzeden seretmäge mejbur bolýar.

Departamentiň beýanynda: «Bu wizalaryň köpüsi dürli jenaýatlar bilen baglylykda hukuk goraýjy edaralaryň gatnaşmagyndaky wakalar sebäpli ýatyryldy. Esasy sebäpleriň arasynda zorlukly hüjümler, serhoş halda ulag sürmek, ogurlyk we neşe serişdeleri bilen bagly jenaýatlar bar» diýilýär. Beýanda wizalaryň ep-esli böleginiň seresapsyz ulag sürmek, çagalara rehimsiz çemeleşmek, kezzapçylyk we serişdeleri öz bähbidiňe sowmak ýaly jenaýatlar, şeýle hem beýleki hukuk bozulmalary sebäpli ýatyrylandygy bellenilýär.

Beýanda şeýle hem: «ABŞ-nyň wizasy hukuk däl-de, artykmaçlykdyr. Döwlet departamenti bu artykmaçlygy hyýanatçylykly peýdalanýanlardan jemgyýetlerimizi goramak üçin elýeterli ähli gurallary ulanmagy dowam etdirer» diýilýär. Donald Tramp Ak Tama gaýdyp geleli bäri onuň administrasiýasy immigrasiýa syýasatyny has-da berkleşdirdi, bikanun immigrasiýa garşy göreşi güýçlendirdi we ABŞ-da wiza eýeleriniň üstündäki gözegçiligi artdyrdy.

Wizalaryň ýatyrylmagy Doland Trampyň ikinji prezidentlik möhletiniň ilkinji gününden bäri alyp barýan has giň gerimli syýasatynyň bir bölegine öwrüldi. 2025-nji ýylyň ýanwarynda prezident bikanun we kanuny immigrasiýany çäklendirmäge gönükdirilen birnäçe ýerine ýetiriji karara gol çekdi. Ýurtda eýýäm ýaşaýan daşary ýurt raýatlarynyň ygtybarlylygyny barlamak we wizalaryň möhletini uzaltmak boýunça talaplary has-da berkeltmek meselesine aýratyn üns berilýär. Döwlet departamentiniň maglumatlaryna görä, ýatyrylan wizalaryň köpüsi syýahatçylyk we talyp wizalaryna degişlidir.

Şeýle-de bolsa, iş wizalary hem bu çäreleriň täsirine düşýär. Syýasatyň tankytçylary bu çäreleriň aşa berkdigini we halkara gatnaşyklaryna hem-de ykdysadyýete, aýratyn-da daşary ýurtly hünärmenleriň we talyplaryň möhüm orun eýeleýän ýokary tehnologiýalar we bilim ulgamlaryna ýaramaz täsir edip biljekdigini aýdýarlar. Emma resmi wekiller ýurduň howpsuzlygynyň ileri tutulýan ugurdygyny we kanunyň islendik bozulmasynyň netijesiz galmaly däldigini nygtaýarlar.

“CCTV+”-niň habar bermegine görä, 175 müň wizanyň ýatyrylmagy Doland Trampyň administrasiýasynyň immigrasiýany çäklendirmäge gönükdirilen berk syýasatynyň nobatdaky subutnamasy boldy. Bu ädim ABŞ-da ýaşaýan daşary ýurt raýatlarynyň arasynda-da, wakalaryň ösüşine syn edýän halkara hyzmatdaşlaryň arasynda-da alada döretdi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Apple ýokary derejeli zaýalanma sebäpli iPhone modeliniň 20 ýyllygyna doly aýnadan ýasalan görnüşinden ýüz öwürdi

Apple ýokary derejeli zaýalanma sebäpli iPhone modeliniň 20 ýyllygyna doly aýnadan ýasalan görnüşinden ýüz öwürdi

23:25 Awgust 12, 2026
Minimal Phone 2 tanyşdyryldy: aýdyň OLED ekrany bolan QWERTY klawiaturaly smartfon

Minimal Phone 2 tanyşdyryldy: aýdyň OLED ekrany bolan QWERTY klawiaturaly smartfon

23:14 Awgust 12, 2026
ABŞ 175 müňden gowrak wizany ýatyrdy

ABŞ 175 müňden gowrak wizany ýatyrdy

21:00 Awgust 12, 2026