HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Wengriýanyň parlamenti sişenbe güni Ýokary kazyýetiň öňki başlygy Andraş Bakany ýurduň täze prezidenti edip saýlady

Awgust 12, 2026 | 14:10 |456
Çeşme: orient.tm

Gündogar bilen Günbataryň çatrygynda ýerleşýän ýurt täze döwlet Baştutanyny saýlanda, bu diňe bir ýokary wezipäniň çalşylmagyndan has uly ähmiýete eýe bolýar. Soňky ýyllarda Wengriýanyň syýasy durmuşynda kazyýet häkimiýetiniň orny we döwlet institutlarynyň garaşsyzlygy baradaky ýiti jedeller bilen tapawutlanan döwürde, bu gapma-garşylyklaryň özboluşly nyşanyna öwrülen adam Prezident wezipesine saýlandy. Ýewropanyň Adam kukuklary boýunça kazyýetiniň öňki kazysy we Ýokary kazyýetiň öňki başlygy Andraş Baka Hökümetiň Wiktor Orbanyň ýolbaşçylygyndaky kazyýet özgertmeleri sebäpli möhleti tamamlanandan soň ýene-de iň ýokary döwlet wezipesine dolandy.

Onuň häkimiýet başyndaky «Tisa» partiýasy tarapyndan ýeke-täk dalaşgär hökmünde hödürlenip saýlanmagy syýasy bitaraplyk baradaky soraglary ýüze çykarýar. Emma Baka özüniň hem köplügiň, hem-de azlygyň wekili boljakdygyny, bar bolan düşünişmezlikleri gizlemek däl-de, olary ykrar etjekdigini aýtdy. Hut şu wada prezidentlik institutynyň göreş meýdanyna däl-de, dialog üçin giňişlige öwrülmegine umyt döredýär.

73 ýaşly Baka saýlawlarda ýeke-täk dalaşgär bolup, gizlin ses berişlikde 140 ses aldy. Onuň dalaşgärligini häkimiýet başyndaky «Tisa» partiýasy hödürledi. Bu partiýa oppozisiýanyň goldawyna mätäç bolmazdan, prezidenti saýlamak üçin zerur bolan üçden iki ses köplügine eýedir. Baka resmi taýdan 19-njy awgustda wezipesine girişer. Ol öz çykyşynda prezident hökmünde wezipesiniň hem köplügiň, hem-de azlygyň bähbitlerine wekilçilik etmekden, emeli jebisligi zor bilen ornaşdyrmak däl-de, syýasy tapawutlary ykrar etmekden we konstitusion gözegçi lik hem-de deňagramlylyk ulgamyny üpjün etmekden ybarat boljakdygyny aýtdy. Ol soňky ýyllarda Wengriýanyň birnäçe halkara hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklarynyň ýaramazlaşandygyny belläp, bu hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny dikeltmegiň prezidentliginiň möhüm ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmalydygyny nygtady.

Baka 1991–2008-nji ýyllarda Ýewropanyň Adam hukuklary boýunça kazyýetiniň kazysy bolup işledi. Soňra, 2009-njy ýylda Wengriýanyň parlamenti ony Ýokary kazyýetiň başlygy wezipesine saýlady. Onuň bu wezipedäki alty ýyllyk möhleti 2011-nji ýylyň ahyrynda şol wagtky Premýer-ministr Wiktor Orbanyň hökümeti tarapyndan geçirilen kazyýet özgertmeleri netijesinde möhletinden öň bes edildi. Sişenbe güni geçirilen saýlawlar öňki prezident Tomaş Şýulokyň iýul aýynyň ahyrynda ýurduň Konstitusiýasyna girizilen 17-nji düzedişe gol çekmeginden soň geçirildi. Bu bolsa onuň döwlet Baştutany hökmünde ygtyýarlyklarynyň tamamlanmagyna getirdi. Şýulogyň prezidentlik möhleti 20-nji iýulda tamamlanandan soň, parlamentiň başlygy Agnes Forsthoffer wagtlaýyn prezidentiň wezipesini ýerine ýetirip başlady.

Wengriýanyň prezidenti parlament tarapyndan bäş ýyllyk möhlete saýlanýar we kanunlara gol çekmek, döwlete wekilçilik etmek ýaly konstitusion wezipeleri ýerine ýetirýär. Prezident şol bir wagtyň özünde Wengriýanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bolup durýar. Bakanyň saýlanmagy Wengriýanyň Ýewropa Bileleşiginiň öňündäki borçnamalary bilen milli özygtyýarlylygyny gorap saklamak isleginiň arasynda deňagramlylygy gözlemegini dowam etdirýän döwrüne gabat geldi. Onuň öňki kärdeşi Tomaş Şýulok Konstitusiýanyň 17-nji düzedişine gol çekenden soň wezipesinden çekildi.

Bu düzediş oppozisiýanyň we halkara synçylarynyň tankytlaryna sebäp bolup, olar muny häkimiýetiň has-da merkezileşdirilmegine tarap nobatdaky ädim hökmünde häsiýetlendirdiler. Strasburgdaky işi netijesinde halkara abraýyna eýe bolan Baka indi öz tejribesinden peýdalanyp, ýurduň içinde-de, daşary ýurtlarda-da prezidentlik institutyna bolan ynamy dikeltmeli bolar. Onuň çykyşynda dialoga çagyryş ýaňlandy. Emma güýçli syýasy polýarlaşma şertlerinde bu çagyryşyň nähili kabul ediljekdigini wagt görkezer.

“CCTV+”-niň habar bermegine görä, Andraş Bakanyň Wengriýanyň prezidenti wezipesine saýlanmagy ýurduň syýasy durmuşynda möhüm waka boldy. Onuň bäş ýyllyk prezidentlik möhleti çuň ideologik gapma-garşylyklar şertinde araçy we milli jebisligiň nyşany bolmak wezipesini näderejede utgaşdyryp biljekdigine bagly bolar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

22:00 Awgust 19, 2026
Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

20:00 Awgust 19, 2026
Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

23:30 Awgust 18, 2026