Rowaýata öwrülen Troýanyň syrlaryny açyp


“Odisseýa” eseriniň soňky blokbaster uýgunlaşmasy dünýä kinoprokatynda rekordlary goýup, Gomeriň ölmez-ýitmez eposyny ýene-de uly ekrana çykardy. Emma “Iliada” we “Odisseýa” eserlerinde ebedileşdirilen Troýa diňe bir edebiýatdaky wakalar bilen çäklenmeýär. Türkiýäniň demirgazyk Egeý kenaryndaky Çanakkale welaýatynda ýerleşýän bu gadymy şäher bäş müň ýyldan gowrak taryhy özünde saklaýar.
2026-njy ýylyň arheologik möwsüminiň çäginde Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň howandarlygynda alymlar Troýanyň we rowaýata öwrülen Troýa urşunyň täze jikme-jikliklerini ýüze çykarmak maksady bilen işjeň gazuw-agtaryş işlerini dowam etdirýärler.
Täze gazuw-agtaryş işleri Troýa urşunyň jikme-jikliklerini açýar

Häzirki meýdan möwsüminde Rim döwrüne degişli Aşaky şäheriň çäginde uly sütünli köçeler we söwda dükanlary ýüze çykaryldy. Olar şol döwrüň ykdysady durmuşynyň aýratynlyklary barada täze maglumat berýär. Şol bir wagtyň özünde alymlar Troýa VI–VII gatlaklaryna degişli Günorta derwezäniň sebitindäki weýrançylyk yzlaryny öwrenýärler. Bu yzlar rowaýata öwrülen Troýa urşy bilen baglanyşdyrylýar. Galanyň içinde bolsa bürünç eýýamyna degişli köşk desgalaryny öwrenmek boýunça işler dowam edýär.
Häzirki wagtda taryh we mifologiýa muşdaklary üçin Ahillesiň aýak basan topraklarynda gezelenç etmek we Gektoryň gorap saklan diwarlaryny görmek üçin täsin mümkinçilik bar. Täze filmden ylham alan tomaşaçylar üçin kinoteatrdan çykandan soň wakalaryň hakyky ýerine baryp görmek ajaýyp mümkinçilikdir.
10 medeni gatlakda 5 000 ýyldan gowrak taryh

Troýa ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýär we irki bürünç eýýamyndan Gündogar Rim imperiýasyna çenli döwri öz içine alýan 10 medeni gatlakdan ybaratdyr. Ýewropa bilen Aziýanyň, şeýle hem Egeý we Gara deňizleriň çatrygynda ýerleşmegi Troýany gadymy döwrüň möhüm söwda we medeni merkezleriniň birine öwürdi.
Miladydan öňki XIII asyrda ýangyn zerarly weýran bolan Troýa VII gatlagyny alymlar “Iliada” eserindäki şa Priamyň şäheri bilen baglanyşdyrýarlar. Soňky ýyllarda ýüze çykarylan tapyndylar, şol sanda het ýazgylary we luwiý möhüri, Troýanyň Anadoly gelip çykyşyny gutarnykly tassyklaýar. Şeýlelikde, Troýa diňe bir Gomeriň eserlerindäki nyşan bolmak bilen çäklenmän, eýsem Anadolyda ýerleşen iň gadymy merkezleriň biri hökmünde hem öz ornuny berkitdi.
Troýa muzeýi we Rimdäki halkara sergi

Arheologik toplumyň girişinde ýerleşýän we halkara baýraklara mynasyp bolan Troýa muzeýi şäheriň taryhyny 7 tematiki bölüm arkaly beýan edýär. Muzeýiň panduslary boýunça ýokary galýan zyýaratçylar Troýanyň ähli medeni gatlaklaryny fiziki taýdan yzarlap, mazar daşlaryny, iri göwrümli heýkelleri we seýrek arhiw suratlaryny görüp bilýärler.
Mundan başga-da, 2026-njy ýylyň 12-nji iýunyndan 18-nji oktýabryna çenli Rimdäki Kolizeý arheologik seýilgähinde “Troýa we Rim: Gadymy Ortaýer deňziniň mifleri, rowaýatlary we taryhy” atly giň gerimli sergi geçirilýär. Sergide 300-den gowrak artefakt görkezilýär. Olaryň 220-den gowragy Türkiýäniň 19 muzeýi tarapyndan berildi.
ORIENT







