Türkmenistanyň mekdeplerinde güýzde ilkinji gezek «Ýaşyl mekdep» sertifikatlaşdyrylyşy başlar


Şu ýylyň güýzinde Türkmenistanyň mekdeplerinde täze resmi dereje peýda bolar — ýurduň iň gowy okuw mekdepleri ilkinji gezek ekologik sertifikatlaşdyryşdan geçiriler. Bahalandyrmany Türkmenistanyň Bilim ministrligi ÝUNISEF bilen bilelikde geçirer. Bu işiň çäklerinde diňe binalaryň energiýa tygşytlylygy däl, eýsem okuwçylaryň tebigaty goramagy we howanyň üýtgemegi bilen bagly ýagdaýlara jogap bermegi nähili öwrenýändikleri hem seljeriler.
2025-nji ýylda işe girizilen «Ýaşyl mekdep» atly synag taslamasy okuwçylaryň we mugallymlaryň örän ýokary işjeňligini görkezdi. Şonuň netijesinde maksatnamany has giň gerimde durmuşa geçirmek kararyna gelindi. Ýakynda bu başlangyja Aşgabatdan we ähli welaýatlaryndan ýene-de 100 mekdep resmi taýdan goşuldy. Şeýlelikde, maksatnama gatnaşyjylaryň umumy sany 120 mekdebe ýetdi.
Bir gezeklik çärelerden tapawutlylykda, «Ýaşyl mekdep» derejesi toplumlaýyn standart bolup durýar. Bilermenler mekdep ýolbaşçylygynyň işinde serişdeleri tygşytlaýan endikleriň ornaşdyrylyşyna, infrastrukturaň kämilleşdirilişine we binalaryň howa şertlerine uýgunlaşdyrylyşyna baha bererler. Iň möhüm ölçegleriň biri okuw prosesi bolar. 1-nji sentýabra çenli maksatnama gatnaşyjy mekdepler täze usulyýet gollanmalary bilen üpjün ediler. Daşky gurşawy goramak we tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça sapaklar hem mekdep okuw maksatnamasyna giriziler. Mundan başga-da, ýerli jemgyýet bilen alnyp barylýan işlere hem baha berler. Sebäbi mekdep taslamalary diňe synp otaglarynyň çäginde galman, golaýdaky ýaşaýyş etraplarynyň ýaşaýjylaryny hem bu işe çekmelidir.
Mekdepleriň sertifikatlaşdyryşa taýýarlygynyň aýdyň mysaly hökmünde geçirilen milli «Ýaşyl endikler» bäsleşigini görkezmek bolar. Bäsleşikde okuwçylar giňişligi abadanlaşdyrmak we ekologik medeniýeti ösdürmek boýunça özleriniň taýýarlan hakyky taslamalary bilen bilermenleri haýran galdyrdylar.
Giň gerimli başlangyjyň esasy maksady — Türkmenistanyň milli bilim ulgamyny tapgyrlaýyn täze ekologik standartlara geçirmek. Bilim ministrligi bilen ÝUNISEF-iň bilelikdäki meýilnamalaryna laýyklykda, 2030-njy ýyla çenli 500 mekdep «ýaşyl» sertifikata we täzelenen okuw maksatnamalaryna eýe bolmalydyr. Bu görkeziji Türkmenistanyň umumy orta bilim berýän mekdepleriniň dörtden birine golaýyny düzýär.








