Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy we jemgyýetçilik guramalary «Back to school» atly çäräni geçirdiler


Çagalar täze okuw ýylyna taýýarlyk görýän günlerinde, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy «Ýeňme» jemgyýetçilik guramasy we Türkmenistanda Maýyplygy bolan adamlary goldamak merkezi bilen bilelikde däbe öwrülen «Back to school» («Mekdebe gaýdyp geliş») atly durmuş maksatly çäräni geçirdi.
Bäşinji ýyl yzly-yzyna geçirilýän bu başlangyç maýyplygy bolan çagalary we durmuş taýdan ejiz maşgalalardan bolan çagalary goldamaga, olaryň täze okuw ýylynyň başlanmagyna taýýarlyk görmegine ýardam bermäge gönükdirilendir.

Baýramçylyk çäresiniň çäginde ÝB-niň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksa we diplomatik wekilhananyň işgärleri çagalar bilen duşuşyp, olara zerur okuw esbaplarynyň ählisi bilen üpjün edilen mekdep torbalaryny gowşurdylar. Beata Peksa çagalara ýüzlenip: «Hemişe bilesigeliji boluň, mümkin boldugyça köp sorag beriň we hiç haçan öwrenmegi bes etmäň» diýip aýtdy.
Myhmanlar üçin baýramçylyk ýagdaýyny we şatlykly gurşawy «Rishat Events» animatorlar topary döretdi. Olar interaktiw oýunlary, aýdym-sazy we dürli bäsleşikleri öz içine alýan ýörite maksatnamany taýýarladylar.
Inklýuziw bilimi ösdürmek, her bir çaganyň ösüşi üçin deň mümkinçilikleri döretmek hem-de ýerli jemgyýetçilik guramalaryny goldamak Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ynsanperwer we durmuş ugurlaryndaky işleriniň esasy bölekleri bolmagynda galýar.









